TÜRKMENISTAN DÜNÝÄDE ÝAÝRAŇ MIÝELOMADAN EJIR ÇEKÝÄNLERIŇ AŞA ARTÝAN ÝURDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

miyelomaÝaýraň miýeloma (iň: multiple myeloma; rus: множественная миелома) ýa-da miýeloma – bu ýilik ragynyň bir görnüşidir. Ýilik käbir süňkleriň içinde duş gelýän maýyşgak dokuma bolup, gan öýjüklerini öndürýär. Ýaýraň miýeloma köplenç bedeniň birnäçe ýerine täsir edýär – meselem, oňurga, kelle süňküne, çanaklyga we gapyrgalara – şonuň üçin-de oňa "ýaýraň" ady berlen. Miýeloma süňkleri zaýalaýar we sagdyn gan öýjükleriniň öndürilmesine zeper ýetirýär.

Irki döwründe miýelomanyň alamatlary bildirmän biler. Ol köplenç gan ýa-da peşew barlagynyň üsti bilen anyklanylýar. Wagtyň geçmegi bilen ýüze çykýan alamatlar şulary öz içine alyp biler: aýrylmaýan süňk agyrylary, esasan-da arkada, gapyrgalarda ýa-da bilde; ganazlylyk (anemiýa); ganda kalsiýniň möçberiniň köpelmegi; horlanmak; ýokançlyklaryň köp ýokuşmagy; bedende gögermeler we adatdan daşary ganamalar; süňkleriň gowşamagy; böwrek meseleleri.

Bejergiler ýaýraň miýelomany birnäçe ýyllap kontrolda saklamaga kömek edip bilýär, emma hadysalaryň köpüsini bejerip bolmaýar. Täze, has netijeli bejergileri oýlap tapmak ugrunda ylmy barlaglar dowam edýär.

Dünýäde we ýurdumyzda ýaýraň miýelomanyň salýan ýüki nähili?

2025-nji ýylyň ýanwarynda Nature žurnalynda çap edilen ylmy derňew ýaýraň miýelomanyň 1990-2021 ýyllar aralygynda dünýäniň 204 ýurdundaky we territoriýasyndaky ýagdaýyny öwrenipdir. Bu ulgamlaýyn derňewiň üsti bilen, awtorlar ýaşa, ýurda, sebite, jynsa we girdejä bagly faktorlar esasynda bu keseliň global täsiri barada hemmetaraplaýyn düşünje döretmäge çalyşýarlar. Şeýle-de, derňew 2050-nji ýyla çenli ýagdaýlaryň nähili üýtgejegi dogrusynda çaklamalary hem hödürleýär.

Netijeler

Soňky ýyllarda, ýaýraň miýeloma hadysalary kem-kem artýar we olaryň gelejekde dünýäde ähli rak diagnozlarynyň 0.9%-ne barabar bolmagyna garaşylýar. 1990-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli Gündogar Aziýa sebiti miýeloma hadysalarynyň we miýeloma sebäpli ýitirilen sagdyn ömür ýyllarynyň iň köp syn edilen sebiti boldy. Sebitiň görkezijileriniň ýokary bolmasynda Türkmenistanyň rolunyň uludygyny derňewiň awtorlary aýratyn belläp geçýärler.

Ýurtlaryň içinde täze hadysalaryň sany, ýaýrawy we ýitirilen sagdyn ömür ýyllary boýunça ABŞ we Hytaý öňdäki orunlary eýeleseler-de, täze hadysalaryň ýyldan-ýyla köpelmegi boýunça Gruziýa, hadysalaryň ýaýrawynyň we kesel sebäpli ýitirilýän sagdyn ömür ýyllarynyň ýyldan-ýyla köpelmegi boýunça Türkmenistan ilkinji orny aldy. Bu Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň pugtalandyrylmagynyň we miýeloma garşy göreşmek üçin çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini görkezýär.

Ýaýraň miýeloma ölümleri boýunça bolsa, günbatar Ýewropada sebiti iň ýokary görkezijilere syn edildi. Şeýle-de, bu keselden aýallara garanyňda has köp erkek adamlaryň ýogalýandygy ýüze çykaryldy.

Sözleriniň soňunda, derňewiň awtorlary ýaýraň miýeloma sebäpli ölümleriň we ýitiriljek sagdyn ömür ýyllarynyň 2022-nji ýyldan 2050-nji ýyla çenli her ýyl barha artjakdygyny çaklaýandyklaryny aýdyp, miýeloma garşy göreşmek üçin halkara derejede işleriň geçirilmelidigini duýdurýarlar.

Çeşme

  • 63 gezek okalan