TÜRKMENISTANDA INÇEKESEL BILEN BAGLY JYNSY DEŇSIZLIK, STIGMA WE HYZMAT ELÝETERLILIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tkmda incekesel hyzmat elyeterliligi2024-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistandaky BMG-nyň ösüş maksatnamasy (UNDP) Türkmenistanda inçekesel ýagdaýynda jyns taýdan aýratynlyklary derňeýän, bu kesel bilen bagly stigmany we diskriminasiýany anyklamaga synanyşýan, şeýle-de ýurtdaky inçekesel hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini bahalandyrýan hasabat işini çap etdi. Bu hasabat rus dilinde bolup, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň UNDP we Saglyk syýasatlarynyň we bilimleriniň merkezi (PAS Centre) bilen hyzmatdaşlyk etmeginde geçirildi hem-de Global gazna tarapyndan mäliýeleşdirildi.

Progres fondunyň redaksiýasy bolup, biz bu hasabat işini mazaly gözden geçirdik we Türkmenistanda inçekesele garşy göreşmekde ýetilen sepgitler, päsgelçilikler we ýurda berilýän maslahatlar dogrusynda esasy maglumatlary okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Türkmenistanda inçekesel nähili ýagdaýda?

Türkmenistan BSGG-nyň Ýewropa sebitinde inçekesel hadysalarynyň iň agdyklyk edýän ýurtlarynyň hataryna girýär. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurt, esasan-da inçekesel hadysalaryny azaltmakda ösüşler gazandy. 2015-nji ýylda her 100 müň ilatdan 71 adamda inçekesel hasaba alnan bolsa, 2022-nji ýylda bu görkeziji 33% azalyp, 48 adama düşdi.

Bu üstünlige garamazdan, inçekeselden ölýänleriň derejesi 2015-2022 ýyllar aralygynda diňe 16% peseldi.

Ýurtda inçekesele degişli kynçylyklaryň iň ulusy dermanlara durnukly inçekeseliň köp ýaýramagydyr. 2018-nji ýylda geçirilen barlagda täze hasaba alnan inçekesel hadysalarynyň 23%-iniň, öň bejerilen hadysalaryň bolsa 54%-iniň rifampisine ýa-da bu kesele garşy ulanylýan birnäçe dermanlara durnuklydygy anyklanylýar. 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistan Global gaznanyň goldawy bilen has gysga möhletli bejergi tertibini ýola goýdy we keseliň bejergisiniň dowamlylygyny 9 aýa düşürdi.

Hasabatyň geçirilişi

Hasabat jemi 44 adamyň (26 erkek, 18 aýal) gatnaşmagynda sorag-jogap şeklinde alnyp baryldy. Olaryň ýaşlary 15-54 aralygynda we 75%-i şäher ýerleriniň ýaşaýjylary hem-de 86%-i dermanlara durnukly inçekesel bilen kesellän. Bu hasabat işi Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyny kuwwatlandyrmagyň çäginde geçirildi.

Hasabatyň aýan eden esasy görkezijileri

1. Bilim ýetmezçiligi:

Gatnaşyjylaryň diňe 32%-i inçekeseliň öýken ýokanjydygyndan habarly ekeni. Bu bolsa keseliň görnüşi, tebigaty we alamatlary barada ilatda ýeterlik bilimiň ýokdugyny görkezýär.

2. Stigma we jemgyýetçilik goldawy:

Gatnaşyjylaryň 9%-e golaýy maşgala içinde stigma sezewar bolupdyr. Emma, gatnaşyjylaryň köpüsine ýakynlary we dost-ýarlary goldaw we düşgürlik görkezipdirler.

3. Mugt bejergä elýeterlik:

Ähli gatnaşyjylar inçekeseliň bejergisiniň özlerine mugt üpjün edilendigini we lukmançylyk işgärlerinden hoşal bolandyklaryny tassykladylar.

 4. Jyns bilen baglanyşykly görkezijiler:

Bejergi talaplaryny berjaý etmekde aýallar has uly jogapkärçilik görkezipdir, erkekler welin talabalaýyk hereket etmek üçin köplenç psihologik ýardam berlipdir.

Milli inçekesel maksatnamasynyň maliýeleşdirilişi we ýöredilişi

Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasy esasan döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär – muňa 2016-njy ýyldan bäri Global gazna 37 mln ABŞ dollaryndan gowrak möçberde goşant goşdy. Bu resurslar mugt bejergi üpjün etmekde, lukmançylyk edaralaryna goldaw bermekde we bilim beriş çärelerini geçirmekde ulanylýar.

2017-nji ýyldan bäri hökümet dermanlara durnukly inçekeseliň dermanlaryny, 2019-njy ýyldan bäri hem dermanlara durnukly inçekesel üçin ikinji hatardaky dermanlary we anyklaýyş gurallaryny doly maliýeleşdirip gelýär.

Jyns bilen baglanyşykly aýratynlyklar we päsgelçilikler

Inçekesel 35-54 ýaş aralygyndaky erkekler we 25-34 ýaş aralygyndaky aýallarda has ýygy duş gelýär. Aýallaryň keseliň öňüni almakda we bejergisini almakda ýüzbe-ýüz bolýan esasy päsgelçilikleri: maddy taýdan garaşlylyk, maşgaladaky stigma we jemgyýetden çetleşdirilme gorkusy. Esasan-da öý hojalykçylar maşgala gatnaşyklarynyň we goldawynyň ýaramazlaşmagyndan howatyrlanýarlar. Galyberse-de, aýal işgärleriň bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hyzmatlary pudaklarynda agdyklyk edýändigi üçin, olarda stigma sezewar bolma töwekgelçiligi artýar.

Erkekler welin bejerginiň talaplaryny doly berjaý etmekde kynçylyk çekýärler we netijede has köp psihologik we emosional goldawa mätäç bolýarlar.

Bu aýratynlyklar aýallaryň we erkekleriň tapawutly zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin milli inçekesel maksatnamasyna jynsa degişli çäreleriň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini aýan edýär.

Stigma we kanunlar

Ýurtda stigma uly we giňden ýaýran mesele bolup, inçekeseliň ýokuşyşy we bejerilişi baradaky misinformasiýa bilen has-da beterleşýär. Esasan-da öz-özüňe bolan stigma ýaýgyn we ençeme pasiýentleriň diskriminasiýadan we ýakynlarynyň goldawyny ýitirmekden gorkup, köpçülikden çetleşmegine getirýär.

Gyzylýarymaý milli jemgyýeti tarapyndan ýöredilýän "Näsagyň mekdebi" atly başlangyç pasiýentlere we olaryň maşgalalaryna inçekesel, öz hukuklary hukuklary we bar bolan goldaw beriji hyzmatlar barada öwredýär. Bu tagallalara garamazdan, ilatyň şikaýat etme ýollary we kanuny goraglylyk barada bilimi çäkliligine galýar. Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy bilim maksatly programmalaryň, aýallara jemgyýetçilik goldawyny bermegiň we saglygy goraýyş ulgamyny has elýeter etmegiň üsti bilen bu päsgelçilikleri aradan aýyrmagy maksat edinýär.

Maslahatlar

Hasabata görä, Türkmenistan ýurtda inçekesel hadysalaryny azaltmakda we bejergi usullaryny gowulandyrmakda üstünlikler gazandy. Şeýle-de bolsa, dermanlara durnukly inçekesel, genderleriň arasyndaky deňsizlikler, stigma we sowatsyzlyk meseleleri çözülmän galýar. Hasabatda berilýän esasy maslahatlar:

↪ Psihologik goldawy ösdürmek: Inçekesel pasiýentleri we olaryň maşgalalary üçin konsultasiýa hyzmatlaryny ýaýbaňlandyrmaly.

↪ Ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak: Halk içindäki toslamalary paş etmek we stigmany azaltmak üçin ýörite bilim beriji kampaniýalary alyp barmaly.

↪ Gender deňsizligine garşy çäreler: Saglygy goraýyş işgärlerine gender deňliligi boýunça training geçmek we maddy garaşsyzlyk we stigma ýaly aýallara köp täsir edýän päsgelçilikleri aýyrmaly.

Bu meselelere netijeli we inklýuziw çäre görmek hökümet edaralarynyň, raýat jemgyýetleriniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy talap edýär.

  • 80 gezek okalan