UNFPA TÜRKMENISTANYŇ YNAM TELEFONYNA YNAM BILDIRÝÄRSIŇMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

unfpa turkmenistanyn ynam telefonyBMG-nyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA) 2024-nji ýylyň awgustynda öz Instagram sahypasynda zenanlar we maşgalalar üçin "Ynam telefony" hyzmaty barada maglumat paýlaşdy. Postda durmuşyň kynçylyklary ýa-da stresli hadysalar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda Ynam gyzgyn liniýasyna jaň edip, hünärmenlerden maslahat we goldaw alyp bolýandygy aýdylýar hem-de her welaýat üçin gyzgyn liniýanyň nomerleri berilýär. Bu jemgyýetçilik meselelerini çözmekde, esasan-da aýal-gyzlara we maşgalalara psihologik kömek almaga howpsuz gurşaw döretmekde saldamly ädimdir. Şeýle hyzmatyň barlygy we onuň ýurduň ähli ýerindäki adamlara elýeterlidigi guwandyrýar. Şeýle başlangyçlar ilatyň ýaşaýşyna ýaramly täsir edip, gelejekde has uly göwrümli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň döremegine ýol açyp biler.

Şeýle-de bolsa, ilatyň Ynam telefony barada ençeme soraglary jogapsyz galýar. Anyk nähili kwalifikasiýasy bolan hünärmenler nähili hyzmatlary berýärler? Jaň edýänleriň şahsy maglumatlarynyň gizlinligi nädip üpjün edilýär? Bu hyzmat barada näme üçin döwlet metbugatynda köpçülige habar berilmeýär? Çünki diňe sosial mediýada paýlaşylýan maglumatlar köplenç halkyň diňe örän az sanly bölegine baryp ýetmek bilen çäklenýär. Esasan-da, şeýle hyzmatlara iň mätäç adamlaryň sosial mediýany ulanmaýan bolmagy örän ahmal. Aç-açanlyk adamlaryň ynamyna girmegiň açarydyr. Adamlaryň şeýle hem edaralara ynamlarynyň pes bolan jemgyýetimizde Ynam telefony hem ilatda şübhe döredýär. Meselem, postuň aşagynda bir okyjy adamlaryň tankytlanylmakdan çekinip, nätanyş birine içini aýtmajakdygyny belleýär.

Galyberse-de, Saglyk UNFPA Türkmenistana adamlaryň Ynam telefonyna nähili meseleler dogrusynda jaň edýändigi barada sorag bilen ýüzlendi. Bu maglumatlar ylmy derňewleri geçirmek we netijeli kanunlary kabul etmek üçin gymmatly çeşme bolup bilýär. Emma welin, Saglyk öz soraglaryna jogap alyp bilmedi.

UNFPA Türkmenistanyň Ynam telefony arkaly goldaw we maslahat hödürlemegi örän peýdaly başlangyç, emma şeýle hyzmatlaryň hakykatdan-da garaşylýan netijeleri bermesi üçin aç-açanlyk we ilat bilen aragatnaşyk etmek möhümdir. Açyk gürrüňdeşlikler, maglumatlaryň paýlaşylmagy we ähli kişini bu görnüşli hyzmatlardan habarly etmek adamlaryň özlerine zerur hyzmatlardan özwagtynda peýdalanyp bilmesini ýeňilleşdirer.

Hormatly okyjy, seniň bu hyzmatdan habaryň bardymy ýa ony ulanyp gördüňmi? Sende Ynam telefony barada nähili soraglar ýa-da pikirler bar?

  • 206 gezek okalan