TÜRKMENISTANDA WE ÝEWRAZIÝADA IRKI WE MEJBURY ÇAGA NIKALARY
Equality Now
guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň oktýabrynda çap edilen hasabat 7 sany Ýewraziýa ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Gruziýa, Gyrgyzystan, Russia, Täjigistan we Özbegistan) irki we mejbury çaga nikalarynyň ýaýbaňlylygyny we sebäplerini derňeýär. Bu hasabata Türkmenistan degişli däl hem bolsa, sebitimizdäki ýagdaýlar barada öwrenmek ýurdumyzdaky irki nikalara düşünmegimize saldamly goşant goşup biler.
Näme üçin çaga ýaşlylary ir we mejbury nikalaşdyrýarlar?
↪ Kanuny goraglylygyň ýetmezçiligi: Köplenç minimum nikalaşma ýaşyny kesgitleýän kanunlar kadadan çykmalara ýol berýärler we mejbury nikalar aç-açan jezalandyrylmaýar.
↪ Kanunlaryň doly berjaý edilmezligi: Kanunyň berjaý edilmegine jogapkär edaralardyr işgärler öz işlerini doly ýerine ýetirmeýärler, esasan-da oba ýerlerinde. Medeni kadalar köplenç kanuny düzgünlerden has üstün çykýarlar. Häkimiýetlere ynamyň pes bolandygy we stigma sebäpli hem, irki we mejbury çaga nikalary barada ýerlikli we anyk hasabatlar berilmeýär.
↪ Milli, dini we gender normalary we kadalary: Kök uran patriarhal normalar, maşgala namysynyň ileri tutulmagy, gyzlyk perdesiniň gorap saklanylmagy we gyzlara ir durmuşa çykmaga basyş etmek. Käte bolsa, nikalaşdyrmak üçin kanuny kadalara derek diňe dini dessurlar berjaý edilýär.
↪ Gyzlara garşy gender esasly zorluk: Gyzyň alyp gaçylmagyndan gorkmak ene-atany gyzyny "goramak" üçin ir durmuşa çykarmaga iterip biler. Şeýle-de, zorluk bolup geçýän hojalyklarda ulalýan gyzlar ir durmuşa çykmagy bu ýagdaýdan çykalga hökmünde görüp bilerler, emma olar köplenç zorlukdan gutulmaýarlar.
↪ Ykdysady sebäpler: Garyplyk we ykdysady kynçylyklar güzeranlaryny ýeňilleşdirmek üçin ýa-da galyňdan peýda görmek üçin maşgalalary gyzlaryny ir durmuşa çykarmaga iterip biler.
↪ Sowatsyzlyk: Haçanda gyzlar gowy hilli sowat we bilim alyp bilmeseler, olar jemgyýetiň zyýanly adatlaryna we kadalaryna düşünmekde we özleri üçin peýdaly kararlary bermekde hem kynçylyk çekýärler. Bu bolsa ir nikalaşmalara hem goşant goşýar.
↪ Mejbury nika üçin alyp gaçmalar: Käbir ýurtlarda gyz alyp gaçmak kadasy mejbury nikalara uly goşant goşýar.
Türkmenistanda çaga nikalary barada nämeleri bilýäris?
Maşgala Kodeksiniň 15-nji maddasyna görä, Türkmenistanda nika baglanyşmagyna rugsat berilýän iň pes ýaş 18 hem bolsa, käbir ýagdaýlarda nikalaşmak isleýäniň hossarlary haýyş edip, nika ýaşyny bir ýyl öňe süýşürip bilýärler. Emma welin, munuň şertleri we ene-atalaryň we çagalaryň mundan aşa köp peýdalanmazlygyny hökümetiň nädip kepillendirýändigi aýdyň däl. Bu sebäpli hem, çaga nikalary Türkmenistanda çynlakaý mesele bolup galýar. 2019-njy ýylda ÝUNISEF-iň geçiren barlagyna görä (MICS), ýurtda gyzlaryň 6%-i on sekiz ýaşamankalar durmuşa çykýarlar we olaryň üçden biri özünden 5-9 ýaş ula barýar.
2022-nji ýylyň Ilat ýazuwy hem Türkmenistanda 15-19 ýaşly gyzlaryň 6.13%-iniň resmi ýa-da resmi däl nikada duran, dul, nikasyny bozan ýa-da aýrylyşandygyny görkezýär. Erkekleriň arasynda bu san has kiçi – 2.23%. Ir nikalaşýanlar şäherlere garanyňda (5.05%) oba ýerlerinde agdyklyk edýär (7.06%). Bu meselede welaýatlaryň arasynda hem tapawutlar bar. Meselem, nikalaşýan ýaş gyzlaryň we oglanlaryň sany Ahal welaýatynda iň köp, Balkan welaýatynda bolsa iň az hasaba alnypdyr. Ýurtda ýetginjeklikde göwreli bolýanlaryň görkezijisi her 1000 gyzdan 22 sany – bu san hem obalarda (24) şäherlerden ýokary (20).
Equality Now hasabatynyň bellemegine görä, irki we mejbury çaga nikalary gender deňsizligi, medeni we ykdysady basyşlar hem-de kanunlaryň ýerlikli berjaý edilmezligi sebäpli dowam edýär. Kanunlar we olaryň durmuşa geçirilmegi berkidilmese, bilimiň hili we maşgalalara ykdysady goldaw gowulandyrylmasa, şol sanda, barlaglar we hasabatlar doly we dogry alnyp barylmasa irki we mejbury çaga nikalary Türkmenistanda hem-de sebitimizde gyzlaryň mümkinçiliklerini çäklendirmegini dowam eder.
Makalanyň doly görnüşini