TÜRKMENISTANDA NIKANY BOZMAGYŇ KYNLAŞDYRYLMAGYNYŇ NÄHILI TÄSIRLERI BAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

nika bozmagyn tasirleri2024-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň parlamenti Maşgala kodeksine we Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgeşmeler girizdi. Bu üýtgeşmeler nika bozmagy kynlaşdyrdy. Şol sanda, bu üýtgeşmeler öýdäki zorlugyň pidalaryna hem zulum ediji ýanýoldaşlaryndan aýrylmagy has howply eder.

Öýdäki zorluga sezewar bolýan aýal üçin iň howply döwür onuň nikasyny bozmaga dyrjaşýan döwrüdir. Şonuň üçin-de, nikany bozmak döwrüniň uzaldylmagy zorlugyň dowam etme we hatda beterleşme ähtimallygyny artdyrýar. Geçirilen ençeme ylmy barlaglar hem, zorlukly gatnaşygy bes etmäge synanyşmagyň pidany has köp zorlanylma, öýsüz we garyp galma howpy astynda goýup bilýändigini görkezýär.

Aýrylyşmada kazyýet işiniň uzaldylmagy jübütleriň çagalarynyň hem emosional we fiziki zorluga uçrama ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Öýdäki zorlugy başdan geçiren çagalar bolsa, ynjalyksyzlykdan, depressiýadan we trawmadan soňky stres bozulmasyndan ejir çekmäge ýykgyn bolýarlar.

Halkara kadalara görä, mejbury nikanyň pidasy bolan kişileriň, maddy ýa-da başga zyýan çekmän, nikany islän wagtlary bozup bilme hukugy bolmaly.

Türkmenistan zorlukly nikany bozmak isleýän aýallary nädip has netijeli gorap biler?

↪ Maşgala kodeksinden öýdäki zorlugy öz içine alýan hadysalarda aýrylyşma döwrüniň uzaldylmagyny aýyrmak.

↪ Aýrylyşma işi gozgalanda öýdäki zorlugyň bolup geçýändigini barlamak üçin ýerlikli, gizlin we pida gönükdirilen derňew hyzmatlaryny hödürlemek.

↪ Aýal-gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini bikanunlaşdyrmak.

↪ Kazyýet, hukuk we hukuk goraýjy işgärleriň zorlugyň ähli görnüşleri barada giň düşünjeliligini gazanmak.

↪ Zorlugyň pidasy bolýan aýal-gyzlara ýurduň ähli ýerinde gaçybatalga, kanuny, maddy we lukmançylyk kömeklerini elýeter etmek.

Makalanyň doly görnüşini

  • 140 gezek okalan