DÜNÝÄNI GYZAMYKDAN AZAT ETMEK MÜMKINMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dunyani gyzamykdan azat etmek mumkinmiGyzamyk örän ýokanç wirusdyr. Bu ýaş çagalar üçin ölüm howply hem bolup bilýär. Dünýäniň ençeme ýerinde gyzamyk sanjymlarynyň ýeterlik berilmezligi bu wirusyň ýaýramasyna oňaýly şert döredýär.

Soňky 5 ýylyň dowamynda gyzamyk dünýäniň çagalarynyň 75%-iniň ýaşaýan ýerleri bolan 100-den köp ýurda ýaýrady. Emma biz bu wirusa bäs gelip bilýäris – gyzamyk waksinalary howpsuz we netijelidir. Çagalaryň gyzamyk bilen kesellemesiniň we ony başgalara ýaýratmasynyň öňüni almagyň iň gowy ýoly olary sanjym etdirmekdir. Gyzamyk barada her kimiň bilmeli 5 zady:

1. Gyzamyk ölüm howply bolup bilýär.

Gyzamyk günde takmynan 300 adamyň ölümine sebäp bolýar. Ölýänleriň köpüsi bäş ýaşdan kiçi çagalar. Hatda çagalar gyzamyk keselini ýeňip geçseler hem, kesel çagada uzaga çekýän saglyk meselelerini ýa-da hemişelik şikes galdyryp bilýär. Kä ýagdaýlarda pnewmoniýa, ýiti içgeçme, körlük we beýniň çişmesi ýaly agyr gaýraüzülmeler ýüze çykyp bilýär. Şeýle-de, kesel çaganyň immun ulgamyny ejizledip bilýär, şeýlelikde hatda keselden gutulanyndan uzak wagt soňra hem, çaga başga keseller aňsat ýokuşýar. Gyzamyk sanjymyny almadyk islendik çaga bu kesel howp salýar, iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýän we 5 ýaşdan kiçi çagalara bolsa has uly howp salýar.

2. Gyzamyk ýer şarymyzda iň bir ýokanç keselleriň biridir.

Gyzamyk keselli adam dem alanda, üsgürende ýa-da asgyranda howa syçraýan damjalaryň üstin bilen wirus töweregindäkilere geçýär. Howa ýa-da zatlaryň üstüne düşen wiruslar iki sagada çenli ýokuşma güýjüni saklap bilýärler. Gynansak-da, wirus bilen kesellän adamlar heniz kesel ýüze çykmanka hem (bedende örgüniň döremeginden 4 gün öň) ony başgalara ýokuşdyryp bilýärler. Çaga gyzamyk bilen bir kesellänsoň, oňa ýakynlaşýan sanjym almadyk kişileriň 90 göterimine kesel ýokuşýar. Gyzamyk serhet tanamaýar, geçen 5 ýylyň içinde ol 100-den gowrak döwlete ýaýrady – olaryň içinde öň gyzamykdan doly azat bolan birnäçe ýurt hem bar.

3. Keseliň tiz ýaýramasynyň öňüni almagyň we çagalary goramagyň iň netijeli ýoly sanjymlardyr.

Gyzamygyň waksinalary howpsuz bolup, onuň iki dozasy adamy ömürboýy wirusdan 99% goraýar. Diňe waksinalaryň kömegi bilen çagalary kesele uçramazdan we ony başgalara ýaýratmazdan gorap bileris. Hiç bir çaga gyzamygyň ýiti saglyk gaýraüzülmelerinden kösenmeli ýa-da ölmeli däldir. 1974-nji ýyldan bäri gyzamyk waksinalary 94 million töweregi ömri halas etdiler. Olar waksinalaryň içinde iň köp adamy goran waksinalar hökmünde tanalýar. Häzirki günde ýurtlaryň köpüsinde gyzamygyň waksinasy Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň tertibine girizilen hem bolsa, waksina almadyk hem aşa köp çaga bar. Muňa getirýän sebäpleriň iň esasylary: deňsizlik, garyplyk we hyzmatlaryň ýetmezçiligi.

4. Sanjymlaryň ýeterlik berilmezligi gyzamygyň ýaýramasyna eltýär.

Gyzamygyň çalt ýaýraýan keseldigi sebäpli, onuň ýaýramasynyň öňüni almak üçin ilatyň 95 ýa-da ondan köp göterimi gyzamyk waksinasynyň iki dozasyny almaly. Çagalaryň ählisine gyzamyk sanjymy berilmeli. Häzir dünýäniň ilatynyň gyzamygyň birinji dozasyny alan bölegi 83%, iki dozasyny hem alan bölegi welin 74%. Bu bolsa goraglylyk gazanmak üçin örän pes görkezijidir. Gyzamygyň köp duş gelýän ýurtlarynda sanjymlaryň özwagtynda edilmegi keseliň tiz ýaýramasynyň öňüni almak we gyzamyk ölümleriniň azalmasy üçin wajypdyr.

5. Bäş-dozaly çüýşelere geçmek has köp adamy ölümden gutarmaga kömek eder.

Gyzamyk waksinalary köplenç on-dozaly çüýşelerde satyn alynýar. Çüýşe bir açylansoň, lukmanlar ony birnäçe sagadyň içinde çagalara berip ýetişmeli bolýarlar. Sanjymyň ulanylman galan bölegi zaýalanýar we zyňylýar. Şonuň üçin, käte lukmanlar haraplamajak bolup, diňe birki çaga üçin on çaga ýetjek bir çüşýäni açmaga ýaýdanyp bilýärler. Bu ýagdaý bolsa, köplenç çüýşeleriň açylmazlygyna we çagalara zerur waksinanyň berilmezligine getirýär. On-dozaly çüýşelerden bäş-dozaly çüýşelere geçmek bilen, hökümetler has köp çaganyň sanjym almasyny we haraplanýan waksinalaryň azaldylmasyny gazanyp bilerler.

Çeşme

  • 100 gezek okalan