MIKROELEMENTLERIŇ ÝETMEZÇILIGI SEBÄPLI TÜRKMENISTANDA ÇAGALARDA WE AÝALLARDA GANAZLYK
2025-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň bilelikde aýallarda we çagalarda milli mikroelementler barasyndaky geçiren pikirsoraşmanyň netijeleri çap edildi.
Pikirsoraşma ýurtdaky 6-59 aý aralyk çagalarda, 15-49 ýaş arasyndaky aýallarda we göwreli aýallarda ganazlygyň (anemiýa), demir kemçiliginiň we beýleki mikroelementleriň kemçiliginiň ýaýbaňlylygyny ölçedi.
Netijelere görä:
↪ 2008 we 2011 ýyllar bilen deňeşdirilende, aýallarda we ýaş çagalarda ganazlyk hadysalary azalypdyr.
↪ Şeýle-de bolsa, ganazlyk heniz hem 6-59 aýlyk çagalaryň 31.4%-ine we 15-49 ýaşly aýallaryň 36%-ine täsir edýär.
↪ Çagalaryň arasynda ganazlylyň iň köp ýeri Balkan (45%) welaýaty, göwreli däl aýallaryň 40%-den köpüsiniň ganazlykdan ejir çekýän welaýatlary Daşoguz we Ahal boldy.
Witamin ýetmezçiligi:
↪ A witamin ýetmezçiligi: Çagalaryň 17.5%-nde, göwrelileriň 19.3%-nde, göwreli däl aýallaryň 13.9%-nde syn edildi. Bu witaminiň ýetmezçiligi obalara garanyňda şäherlerde has ýokary.
↪ D witamin ýetmezçiligi: Ýurtda ilat saglygyna uly howp salyp, çagalaryň 49%-ne, göwreli däl aýallaryň 45%-ne we göwrelileriň 38%-ne täsir edýär.
Mikroelementleriň ýetmezçiligi:
↪ 6-23 aý aralygyndaky çagalaryň 69%-i maslahat berilýän minimum iýmit görnüşlerini kabul edýär.
↪ Çagalaryň we aýallaryň 5.8%-i soňky alty aýda demir supplementini kabul edipdir.
↪ Aýallaryň 55%-i soňky göwrelilikleriniň dowamynda foliý turşusyny kabul edipdir. Emma diňe 4%-i A witaminini içipdir.
Türkmenistanda göwreli däl aýallaryň we çagalaryň arasyndaky ganazlyk 2008 we 2011-nji ýyllar bilen deňeşdireniňde azalan hem bolsa, bu Balkanda, Daşoguzda we Ahalda uly mesele bolup galýar. Her welaýatyň özüne gönükdirilen çärelerden başga-da, demir we A/D witaminleriniň supplementleriniň elýeterliligini gowulandyrmak, iýmitleri witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrmak hem-de ilatyň iýmitleniş endiklerini gowulandyrmagy ugrunda tagallalar etmek ýurtda mikroelement ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin möhümdir.
Makalanyň doly görnüşi