MERKEZI AZIÝADA KOLOREKTAL RAGYNYŇ ILKINJI SKRINING MERKEZI AÇYLDY
Rak keselleriniň ylmy barlaglary we bejergileri boýunça dünýäde iň öňdebaryjy merkezleriň biri bolan Dana-Farber rak keselleri instituty Özbegistanyň Saglyk ministrligi we Milli rak keselleri merkezi bilen hyzmatdaşlykda, ýylyň fewral aýynda sebitde ilkinji kolorektal (uly içege) rak keseliniň skrining programmasyny ýola goýdy. Eger üstünlikli netijeleri berse, bu model bütin sebite hem ýaýradylyp bilner.
1990-njy ýyllardan bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda rak keselleri umuman azalan hem bolsa, heniz hem sebitde sanlaryň ygtybarly däldigi we ulgamlaryň gowşaklygy duýdurylýar. Esasy mesele bolsa, sebitde wagtynda anyklanylmaýandygy we bejergileriň gowşakdygy sebäpli rak bilen keselleýänleriň içinde ölýänleriň sanynyň ýokary bolmagydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynda köp duş gelýän ragyň görnüşleri: öýken, aşgazan, kolorektal, göwüs we ýatgynyň boýunjygynyň rak keselleri. Rak kesellerini artdyryjy esasy sebäpler hökmünde çilim çekmek, nädogry iýmitlenmek, semizlik, hapa howa, daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy we pestisidler görkezilýär.
Dana-Farber institutynyň köp ugurly topary Özbegistana sapar edip, täret immunohimiki test (FIT) skriningi bilen tanyşdyrdylar hem-de kolonoskopiýa we programmanyň infrastrukturasy barasynda training geçirdiler. Bu başlangyç rak keselleriniň skriningini pes we orta-resursly gurşawlarda elýeterli etmekde ädilen ýene bir ädim boldy. Çünki haçanda kolorektal ragy ýaly rak keselleri özwagtynda anyklanylanda, adamlar ölümden halas bolup bilýärler.
Bu programmanyň ilkinji ojagy hökmünde Özbegistanyň saýlanylmagy ýurduň hökümetiniň rak keselleriniň ir anyklanylmagyny öňe sürmegi we programma uzak möhletleýin goldaw bermäge meýilliligi bilen düşündirilýär. FIT testleri ýokary töwekgellik toparlaryndaky adamlary kesgitlemek üçin ulanylar we munuň üsti bilen çäkli bolan kolonoskopiýa resurslary olara iň mätäç adamlara gönükdiriler. Programmanyň netijeliligini artdyrmak we üstünlikli dowam etdirilmegi üçin, Dana-Farberiň hünärmenleri ýurtda ýerli saglyk işgärlerine hem training geçýärler. Eger üstünlik gazansa, bu model ýurduň ähli ýerine ýaýradylyp bilner we goňşy ýurtlara hem görelde bolar.