BIZ NÄME ÜÇIN KESELLEÝÄRIS?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (13 Ses)

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy munuň esasy 4 sebäbiniň bardygyny belleýär. Olara daşky gurşawyň (ekologiýanyň) ýagdaýy, nesil yzarlaýjylyk häsiýetleriniň ýüze çykyşy, lukmançylyk kömeginiň hili we durmuş ýörelgesi degişlidir.

50%-mi durmuş ýörelgesine baglydyr

Çilim çekmeklik. Bu ýaramaz endik adamyň ömrüni 8-15 ýaş kemeldýär. Çilim çekýänler başgalara garanda ýüregiň infarkt keseline 3 esse köp duçar bolýarlar. Öýken ragynyň 90%-mi çilim çekmek zerarly döreýändir. Mundan başga-da, çilimkeşlik , aşgazanasty mäziň, aşgazan keselleriniň, käbir göz keselleriniň we önelgesizligiň döremegine sebäp bolýandyr.Çilimkeş çekýän çiliminiň täsirini töweregindäki adamlara hem ýaýradyp (passiw çilimkeşlik) olary nikotin  bilen zäherleýändir.

Spirtli içgileri içmeklik ýürek, damar, bagyr keselleriniň, howply şikesleriň döremegine sebäp bolýar. Spirtli içgileriň yzygiderli içilen ýagdýynda adamyň aňy kütelýär. Lukmanlar keselleriň 60%-miniň hut şu ýaramaz endik zerarly döreýändigini belleýärler.

Iýmitiň hili. Genetikleriň berýän maglumatlaryna görä, rak keseliniň 35%-miniň sagdyn däl iýmitlenmä we fastfudlarda (garbalgahana) naharlanlanmaga ýykgyn edilen ýagdaýlarda dörändigini belleýärler.

Az hereketlilik. Günüň dowamynda 6 sagatdan köp oturyp işleýänler 3 sagatdan az oturyp işleýänlere garanda 40%  köp keselleýärler.

Dartgynlyk. Uzak wagtlaýyn nerw dartgynlygy aşgazan keselleriniň, ýokary gan basyşynyň, ukusyzlygyň, stenokardiýanyň, maddalaryň alyş-çalşygynyň bozulmalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Daşary ýurtly alymlaryň habar bermegine görä, keselleriň 75-90%-mi şeýle dartgynlyklar zerarly döreýändir. 

20%-mi nesil yzarlaýjylyga baglydyr

Nesil yzarlaýjylyga meýillik. Nesilden-nesle geçýän keselleriň alty müňüsi bolup, köplenç olaryň diňe bäşisi nesilden nesle geçýändir. Şeýle ýagdaýlarda nesilden nesle geçýän kesellere uçramaklyk däl-de, şeýle ýagdaýa bolan meýillik göz öňüne tutulýandyr. Mysal üçin, eger ata-enede süýji keseli, ýokary gan basyşynyň keseli ýa-da allergiki täsirliligi bar bolsa, onuň çagasynyň hem hökman şu kesellere ýolukmalydygyny aňlatmaýar.

Ýarawsyz garyndaşlaryň mukdary. Şeýle garyndaşlaryň sany köp bolsa, onda kesellere uçramak howpy ýokarlanýandyr. Mysal üçin, ata-enäniň haýsy hem bolsa birinde allergiki täsirliligiň bolmagy onuň çagasynda şeýle keseliň döremeginiň töwekgelligini 20-40%, ikisiniň-de şeýle bolmagy 40-60% artdyrýandyr.

20%-mi ekologiýa ýagdaýyna baglydyr

Howanyň hapalanmagy. Senagaty ösen şäherlerde çagalaryň keselleme döwri  ekologiýasy arassa ýerlerdäki çagalara garanda 2-2,5 esse uzakdyr.

Galmagal. 50–55 dB möçberindäki dyngysyz galmagal nerw ulgamynyň bozulmalaryna sebäp bolýar. Uly gara ýollardan 100m uzaklykda ýerleşýän öýlerdäki galmagal adatça 70dB-den pes bolmaýar.

Seýilgähler. Üns beriň! Seýilgähleriň töwereginde ýaşaýan adamlar dem alyş we ýürek kesellerine has seýrek duçar bolýar. Olaryň agramlary hem köplenç kada laýyk bolýar.

Elektromagnit tolkunlary adamyň nerw we gan emele getiriş ulgamyny zeperlendirip bilýär. Şonuň üçin-de, LEP-iň (elektrogeçiriji liniýalar) we mobil aragatnaşygyny üpjün edýän sütünleriň golaýynda ýaşamazlyk gowudyr.

10%-mi  lukmançylyk hyzmatlaryň hiline baglydyr

Lukmançylyk kömeginiň elýeter bolmagy. Öz hünärine çynlakaý çemeleşýän, ýokary adamkärçilik sypatlaryny saklaýan lukmanyň maslahatyny almaga mümkinçilik näçe köp bolsa, syrkawyň sagalmagy şonça-da tiz amala aşar. 

Keselleriň öňüni almak. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Islandiýada ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň öňüni almak boýunça degişli çäreler geçirilip başlanyldy. Şondan bäri bu kesel zerarly döreýän ölümçilik 80% peseldi. Keselleri wagtynda anyklamak we olaryň öňüni almak çäreleri döwlet derejesinde geçirilen ýagdaýynda ilatyň saglyk ýagdaýy oňat bolýar.

  • 3415 gezek okalan