ADAM TELEWIZORA TOMAŞA EDEN WAGTYNDA IÝMITI 44% ARTYK IÝÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Şäherde ýaşaýan adamlar orta hasap bilen günde 3 sagatlap telewizora tomaşa edýärler.

1997-nji ýylda Ýaponiýada "Pokemonlar" atly multfilme tomaşa edenlerinden soň 700 çaga hassahana düşüpdir. Olaryň hemmesine şol bir "görüş tijendirilmesi esasynda dörän garaguşagyry zarbalary" diýen kesel kesgidi goýlupdyr.

Hasabat işleri bilen meşgullanýanlar 75 ýaşly adamyň orta hasap bilen ömrüniň 6-7 ýylyny (!) telewizora sarp edýändigini anykladylar.

1994-nji ýyldan bäri ABŞ-da "Telewizordan azat Amerika" atly gurama telewizora tomaşa etmekden meýletin ýüz öwürmeklik hereketini alyp barýar.

Ukrainanyň galamgärleri telewizorda görkezilýän gepleşiklere 24 sagadyň dowamynda syn edip, şol wagtyň dowamynda olarda 202 adamyň öldürilendigi, 160-synyň urşandygy barada habar berlendigini bellediler. Mundan başga-da, şol wagtyň dowamynda 66 serhoşluk ýagdaýy we 300 erbet habarlaryň görkezilendigini hem bellediler. Edilen ýagşy işleriň bolsa diňe 20-si, oňat habarlaryň 45-si we degişmeleriň 75-si  görkezilipdir.

Ýetginjekler günüň dowamynda telewizora 3 sagatdan köp tomaşa eden ýagdaýlarynda ukynyň bozulmalary ýüze çykýandyr.

Telewizoryň muşdaklary öz teletomaşasyndan kesilen ýagdaýynda abstinensiýa (azarlama) ýagdaýyna uçrap, özlerini  neşesinden kesilen neşekeş ýaly duýýar. Amerikanyň we Ispaniýanyň alymlary şeýle muşdaklaryň gaharjaň bolup, ünsleriniň kütelýändigini belleýärler. Ylmy tejribeleriň dowamynda şeýle muşdaklaryň ýokary gan basyşy keseline, süýji keseline, çendenaşa semremä ýykgyn bolýandygy ýüze çykaryldy.  

Mundan başga-da, telewizora tomaşa edilen wagtynda adamyň nahary kadadan 44% (!) köp iýýändigi hem anyklanyldy.

Eger Siz telewizordan 3-4 gün üzňe bolanyňyzda gaharlanyp, keýpsiz bolsaňyz, ýöne telewizora "ýeten" pursatyňyz özüňizi bagtyýar duýýan bolsaňyz, bu Sizde hem telewizora bolan garaşlylygyň dörändigini aňladýandyr.

Ulanylan WEB Salgy

  • 2783 gezek okalan