ALYMLAR: AZ HEREKET EDÝÄNLER UZAK ÝAŞAMAÝARLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Amerikanyň lukmanlary günüň dowamynda üç sagatdan artyk oturmaýan adamyň ömri ortaça iki ýyl uzaýar (!) diýen netijä geldiler.

Alymlaryň nygtamagyna görä, telewizora seredip oturmaga sarp edilýän wagt günüň dowamynda iki sagada çenli azaldylan ýagdaýynda adamyň ömrüni ýene-de 1,4 ýyl uzaltmak mümkinçiligi döreýär.

Bu makala Beýik Britaniýanyň BMJ atly lukmançylyk žurnalynda  çap edildi.

Oturmak – saglyga zyýan ýetirmek

Makalada hepdäniň dowamynda tigir (welosiped) sürmek, çalt ýöremek ýaly fiziki maşklara şeýle-de bedeni türgenleşdirmek, ýer depmek ýaly  işlere 2,5 sagat sarp etmek boýunça maslahatlar berilýär.

Emma işiňiz kompýuter bilen işleşmegi talap edýän bolsa, bu maslahatlara eýermek sizi köp oturmakdan azat edip bilmez.

Makalanyň awtorlary telewizor görmäge sarp edilýän wagtyň azaldylmagyny maslahat berýärler.  

Işjeň hereket etmekden ýüz öwürmek süýji kesel ýa-da stenokardiýa ýaly keselleriň döremek töwekgelligi bilen baglydygy baradaky maglumatlaryň sany gitdigisaýy artýar. Emma bu maglumatlar kesellemegiň we fiziki hereketleriň ýetmezçiliginiň sebäp arabaglanyşygyny subut etmeýär. Munuň bilen barlag geçirenleriň özleri hem ylalaşýarlar. Olar 167 müň adamdan ybarat uly toparyň saglyk ýagdaýynyň görkezijilerini öwrendiler, emma olaryň durmuş aýratynlyklaryny we endiklerini göz öňünde tutmandyrlar. Barlaglara gatnaşan doktor Piter Kartsmaržik we professor I Min Li öz beren bahalarynyň teoretik häsiýete eýedigini nygtaýarlar.

Lukmanlaryň maslahatlary:

  • Günde-günaşa hereket etmek zerurdyr.
  • Bedenterbiýe bilen her gün az-azdan meşgullanmaly ýa-da hepdede 1-2 gezek has uzaga çekýän maşklary ýerine ýetirmeli.
  • Çalt ýöremek, tigir sürmek ýaly ortaça güýç sarp edilmegini talap edýän sport görnüşleri bilen hepdede azyndan 2,5 sagat meşgullanmaly.
  • Hepdede 75 minut ýokary işjeňligi talap edýän ylgama ýa-da tennis ýaly köp hereketi talap edýän sport görnüşine bagyş edilmeli.
  • Hepdede iküç gezek muskullara agram bermek üçin bagda işlemek ýa-da agyrrak zatlary götermek peýdalydyr.

Ulanylan WEB Salgy

  • 4826 gezek okalan