DOGRY GÜNEŞLEMEGIŇ 10 DÜZGÜNI ÝA-DA...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Lukmanlar: "Güneşlemek zyýanlydyr" diýip gaýta-gaýta nygtaýarlar. Hawa, "güneşlemek howpsuzlygynyň" berjaý edilmedik ýagdaýynda olaryň diýýäni dogrudyr. Ýöne gün şöhlelerinden paýhasly peýdalanmagy başarýanlar welin güneşleme arkaly öz saglygyny berkidýändirler.

Gün şöhleleri ukyny sazlaýar

Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde gün şöhleleriniň uky gormony bolan melatoniniň işlenilip çykarylmagyna ýardam berýändigi subut edildi. Şonuň üçin-de, dogry güneşleme gije-gündiziň dowamyndaky bioritmleri sazlap, gijeki ukynyň berk we kadalay bolmagyna kömek edýär. Melatonin bolsa öz gezeginde serotonin (şatlyk gormony) we dofamin (lezzet gormony) gormonlarynyň işlenip çykarylmagyna ýardam berýär. Netijede, adamyň keýpi saz bolup, süýji önümlerine az ýykgyn edýär. Bu bolsa öz gezeginde bedeniň agramynyň kadalaýyk bolmagyna ýardam berýär.

Gün şöhleleri süňkleri we dişleri berkidýär

Ultramelewşe şöhleleri D witaminiň iň ygtybarly we howpsuz çeşmesidir. Beden D witaminsiz kalsini özleşdirip bilmeýär. Netijede, adamyň süňkleri inçelýär, diş syrçalary weýran bolýar. Elbetde, D witamini dürli azyk goşundylary arkaly ýa-da ýörite iýmiti köp mukdarda kabul etmek arkaly hem edinmek bolýar. Ýöne şeýle edilen ýagdaýynda D witaminiň çendenaşa köp mukdarynyň kabul edilip, onuň böwreklere zyýan ýetirmek töwekgelçiligi döreýär. Güneşleme wagtynda bolsa bedenimiz D witamini diňe özüne gerek mukdarda kabul edýär.

Bulardan başga-da, gün şöhleleriniň düzüminde ultramelewşe we inrfagyzyl şöhlelenmesi bolup, olar:

  • nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrýar;
  • gan aýlanyşygyny sazlaýar;
  • immuniteti berkidip, bedeniň wiruslara we ýokançlyklara bolan durnuklylygyny ýokarlandyrýar;
  • deriniň ýagdaýyny gowulandyrýar;
  • süňkleri we damarlary berkidýär;
  • sustupesligi aýyrýar;

Hawa, gün şöhleleriniň şeýle peýdaly häsiýetleri bolsa-da,  olardan paýhasly peýdalanmasak, peýdasyndan zyýany köp bolup biler(!). Gün şöheleleri gereginden artyk kabul edilen ýagdaýynda, onuň "duşmana" öwrülip bilýändigini ýatda saklamalydyr. Eýsem, gün şöhlelerini "duşmana" öwürmezlik üçin, haýsy düzgünleri berjaý etmelikä?

Geliň, dogry güneşlemegiň düzgünlerine garap geçeliň. Olaryň berjaý edilmegi derini güne ýanmakdan gorap, onuň endigan we owadan garalmagyna ýardam edýär.

  1. Günden goraýan kremleriderä oňatja çalyň. Gulaklary, burny, dodaklary, dabanlary hem unutmaň, sebäbi hut şu agzalar gün şöhleleriniň täsirine has köp düşýärler. 
  2. Bu kremleri günüň dowamynda diňe 1 gezek çalmak ýeterlik däldir. Olary her iki sagatdan ýa-da her gezek suwa girip çykanyňyzdan soň çalmalydyr.
  3. Kölegede ýa-da saýawanyň aşagynda oturmaklyk gün şöhlelerinden goramaýar. Şonuň üçin-de, islendik ýerde, hatda bulutly howada hem günden goraýan kremleri ulanyň.
  4. Howlukmaň.Eger siz kenarýakasynda diňe 2-3 gün dynç almaga baran bolsaňyz, gün şöhlelerini "artygy" bilen edinmäge howlukmaň. Siziň dynç alşyňyzyň gysgalygy Gün şöhlelerine "bildirýän ýeri" ýok, olar hemişekisi ýaly täsir edýändir. Kenarýakasyna baran ilkinji günüňiz ol ýerde ýarym sagatdan köp bolmaň. Ikinji gün 45 min, galan günleri bolsa 2 sagatdan köp bolmazlyga çalşyň.
  5. Gün şöhleleriniň "köýdüriji" sagatlarynyň bardygyny unutmaň! Muňa 12-den-15-e çenli wagt aralygy degişlidir. Şu wagt aralygynda hökman jaýyň içinde bolmalysyňyz.
  6. Az bolsun, uz bolsun: deri güne näçe haýal we endigan garalsa, şonça-da owadan bolup, uzak saklanýar.
  7. Suw gün şöhlelerini serpikdirýär. Şonuň üçin-de, suwuň içinde güne ýanmak töwekgelligi has ýokarydyr. Suwdan çykanyňyzda, endamyňyzdaky suw damjalaryny aýyrmak üçin süpürinmegi unutmaň.
  8. Kenarýakasyna güneşlemäge gitjek bolsaňyz, atyr sepinmäň. Olaryň düzümindäki maddalar gün şöhleleriniň täsiri astynda deriňizde aýrylmaýan menekleri galdyrmagy mümkin. Güneşleýän döwrüňizde göwreliligiň öňüni alýan derman serişdelerini ýa-da kortizon dermanynyň esasynda taýýarlanan dermanlary kabul edýän bolsaňyz, olaryň hem deriňizde menekleriň emele gelmegine sebäp bolýandygyny unutmaň.
  9. Kenarýakasynda geýjek eşikleriňizi dogry saýlaň. Gün şöhlelerini doly geçirýän "gowşak" ýa-da öl egin-eşigiň deriňizi gorap bilmeýändigini hem unutmaň.
  10. Güne ýanan deriniň çalt garrýandygyny unutmaň. Şonuň üçin-de güneşläp geleniňizden soň hökman derini nemlendiriji kremleri çalyň.   

...çägä gömülmegiň peýdasy

Deňziň kenarýakasyndaky çäge jana şeýle ýakymly! Käbirleri onda ýöne gezmelemegi halasa, käbirleri oňa gömülmegi halaýarlar. Eýsem munuň peýdasy bir barmyka? Elbetde bar! Bu aýratyn hem osteohandrozdan, poliartritden, artrozdan, radikulitden, newralgiýadan ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Mundan başga-da, çäge gömülmeklik nerw we damar ulgamynyň işine oňat täsir edýär, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, deri mäzleriniň işini sazlap, derledýär. Netijede, adamyň bedeni zäherli galyndylardan "azat bolýar".

Çägä dogry gömülmegiň esasy düzgünleri

  1. Çägä gömülmezden öň deriňidäki suw damjalaryny süpüriň. Çäge-de, teniňiz-de gury bolmalydyr.
  2. Ýüzüňizi ýokary tutup ýatyň. Kelläňiz kölegede bolmalydyr.
  3. Kelläňiziň aşagyna desmaly birnäge gat epläp goýuň. Ýukajyk desmaly ölläp, maňlaýyňyza goýuň-da, ony wagtal-wagta ölläp duruň.
  4. Ýüregiňiziň çäklerini çägä gömmäň.
  5. Çägä gömülmegiň dowamlylygy ulular üçin 25-60 min, çagalar üçin 10-30 min bolmalydyr. Çägeden çykanyňyzdan soň ýarym sagat kölegede dynç alyň.

Islendik keseliň ýiti döwründe ýa-da bedende howply döremäniň, ýürek-damar ulgamynyň, inçekesel, atereskleroz keselleri bolan näsaglara çägä gömülmek gadagandyr!

Hormatly saýtyň okyjylary! Biz Sizi güneşlemegiň we çägä gömülmegiň esasy düzgünleri bilen tanyş etdik. Ýöne her bedeniň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny unutmaň. Şonuň üçin-de, öz bedeniňizi ünslüje "diňläň". Eger güneşlän ýa-da çägä gömlen ýagdaýyňyzda özüňizi erbet duýýan bolsaňyz, bu çäreleriň Size ýaramaýandygyny, saglygyňyza howp salyp bilýändigini unutmaň.

  • 3119 gezek okalan