IÝMIT, IÝMITIŇ DÜZÜMINDÄKI HIMIKI MADDALAR WE ÇAGA BEÝNISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.61 (18 Ses)

Çaga näme üçin ýaramaz okaýar? Ol bir ýerde oturmaga asla kanagat etmeýär. Oňa bir zat öwretmek mümkin däl! Düşündirilýän zatlara-da üns bermeýär. Misli biri sapajyklardan çekýän ýaly, ol bir zatda-da ünsüni jemlemegi başarmaýar.

Ozallar şeýle çagalara garagol diýýän bolsalar, häzirki döwürde olara üns ýetmezçiliginiň we çenden aşa hereketjeňligiň sindromy (ÜÝHS) diýen kesgit goýulýar. Bu sindromyň aýdyň alamatlary çagalaryň arasynda 2,5% duş gelýär. Onuň ýeňil we aram görnüşleri bolsa iki esse artyk duşýar. Gyzlara garanda, oglanlar ÜÝHS  has ýygy sezewar bolýar. Keseli psihologlar we psihiatrlar bejerýär. Ýörite dermanlar hem ulanylýar. Ýöne çagalaryň köpüsine iýmit, has takygy, çaganyň iýmitinde käbir zatlaryň bolmazlygy hem kömek edip biler. Bu bejeriş usulyny 1970 ýylda amerikaly allergolog Ben Feýngold oýlap tapdy.

Ol çagalaryň iýmitinden sintetik garyndylary, ilkinji nobatda bolsa reňk beriji garyndylary  aýyrdy. Çagalaryň özüni alyp barşy kadalaşdy.

Feýngold iýmite goşulýan garyndylar bilen derman serişdeleriň aýry-aýry adalgalar bilen atlandyrylandygyna garamazdan, olaryň meňzeşligini we ikisiniň-de pes molekulýar maddalardygyny belläpdir. Muňa garamazdan, iýmit önümlerine göşulýan müňlerçe garyndylaryň biri-de derman serişdelerini hasaba almak  üçin zerur bolan farmakologik barlaglardan geçirilmändi. Netijede, iýmit önümlerindäki garyndylar çaganyň beýnisine gyjyndyryjy hökmünde täsir edýär. Garyndylardan ýüz öwürmek bolsa çenden aşa hereketjeňlik meselesini aradan aýyrar.

20 ÝYLDAN...

1982-nji ýylda Feýngold aradan çykýar. Garyndylar bilen bagly barlaglaryň geçirilmegi bes edilýär.

2004-nji ýylda Sautgempton uniwersitetiniň alymlary 6 sany reňk beriji garyndy we 1 konserwant bilen tejribe işlerini geçirip, Feýngoldyň teoriýasynyň dogrulygyny tassyklaýarlar (aşakdaky tablisa seret).

Düzümi şeýle garyndyly we konserwantly önümler sanardan kän. Olar  dürli reňkli süýjülere we süýji tagamlara goşulýar. Emma şeýle iýmiti öndürýänler öz bähbitlerini arap, garaşsyz hünärmenleriň geçiren barlaglaryny ýüzleý we nädogry hasaplaýarlar. Olar reňkleýji maddalaryň zyýansyzdygy subut edildi diýip nygtaýarlar. Reňkleýjileriň adyny agzaman, GMÖ (genetiki taýdan özgerdilen önüm), gant, duz, trans ýaglar barada gürrüň edýärler.

Beýik Britaniýanyň iýmit standartlary Agentligi täzeden geçirilen barlaglara ýolbaşçylyk etmegi öz üstüne ýükledi. Bu işe 3 ýyl sarp edildi. Netijede, reňkleýjileriň zyýanly täsiri ýene-de bir gezek doly subut edildi.

Aşakda görkezilen reňkleýjileriň we konserwantlaryň ulanmagyny bütinleý gadagan etmek başartmasa-da, Ýewropa ýurtlarynda zyýanly reňkleýjili iýmit önümlerinde duýduryş ýazgylarynyň edilmegi ýola goýuldy. Amerikada bolsa şol 6 reňkleýjileriň üçüsi gadagan edildi.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3634 gezek okalan