ABŞ-da AIW-i ANYKLAÝAN TEST TOPLUMLARYNYŇ SATUWY RUGSAT EDILDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)
Lukmanlar eýýäm 10 ýyl bäri Ora Quick  toplumyna  meňzeş testi  ulanýarlar. Indi test Amerikada hemmeler üçin elýeter bolar.

AIW-i  öý şertlerinde anyklamak üçin ilkinji toplum ABŞ-nyň sazlaýjy guramalary tarapyndan  tassyklanylyp, ýakyn günlerde satuwa çykarylar.

OraQuick ekspres testi tüýküligi barlap, onuň netijeler 20-40 minutdan belli bolýar.

ABŞ-nyň hökümetiniň baha bermegine görä, ýurduň  AIW-li 1,2 million  ilatynyň 20 % özleriniň bu kesele ýoluganlygyndan bihabardyr.

Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça Federal gullugy OraQuick testiniň dermannamasyz satylmagyna rugsat berdi. Bu AIW-i ýüze çykarmak üçin özbaşdak barlaglardan geçmek islemeýänler üçin örän wajypdyr.

Test toplumy dermanhanalaryň, dükanlaryň, söwda öýleriniň 30 müňüsinde we saýtlarda  satylar.

Testi öndürýän OraSura kompaniýasy takyk satuw nyrhyny kesgitlemese-de, ekspres testiň  60 dollardan arzan boljakdygyny tassyklady. 

Kompaniýanyň baş direktory  Duglas Miçels testiň ähli uly dükanlarda satyljakdygyna  bil baglaýar we bu ugurda  köpçülikleýin mahabatlandyrma işini  geçirjekdigine ynandyrýar.

Doly tassyklanylmadyk netijeler

AIW we AIDS barada  maglumatlary ýaýratmak boýunça guramalar täze testiň tassyklanylmagyny goldadylar.

Who`s Positiv kompaniýasynyň esaslandyryjy direktory Tom Donohyu bu test toplumynyň her bir adama islendik wagt, islendik ýerde, islendik adam bilen öz AIW statusyny (derejesini) kesgitlemäge mümkinçilik berer diýip, Assoşieýted presse habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde Tom Donohýu test toplumynyň netijelerini 100% dogry hasaplap bolmajakdygyny, has takyk anyklaýyş üçin ýörite barlaglaryň geçirilmeginiň zerurdygyny belleýär.

AIW keseline ýoluganlary bu test arkaly barlanlarynda, netijeleriň 92%-mi dogry boldy.

Keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça amerikan Merkeziniň AIW bölüminiň direktory doktor Jonatan Mermin otrisatel netije alan adamlaryň 3 aýdan soň hem gaytadan barlaglardan geçmelidigini belleýär. Sebäbi AIW antibedenjikleriň bölünip çykmagynyň birnäçe hepde dowam edýändir.

Hünärmen lukmanlar OraQuick test toplumynyň aýratyn bir görnüşini 2002-nji ýyldan bäri ulanýarlar.

Soňky 20 ýylyň içinde ABŞ-da AIW bilen kesellänleriň ýylsaýyn 50 müň adam artýar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 2450 gezek okalan