HIRURGIÝA BÖLÜMINDÄKI NÄSAG NÄMEDEN GORKÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (12 Ses)

Hirurgiýa bölümindäki näsag operasiýadan beter nämeden gorkýar? Lukmançylyk enjamlary öndürme ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ýokary derejeli agyrsyzlandyryjy usullaryň ulanylýan döwründe, operasiýa edilmeli näsaglar lukmançylyk gurallarynyň ýa-da donor ganynyň ýaramaz sterilizasiýa edilmegi zerarly ýüze çykjak  dürli ýokançlyklaryndan howatyrlanýarlar.

Hirurgiýa bölümlerinde häzirki döwürde lukmançylyk gurallaryny sterilizasiýa etmegiň iň ynamly we täze usullary ulanylýar. Bu bolsa näsaglaryň saglygyna howp salynmazlygyň kepilidir. Lukmançylyk enjamlarynyň we gurallarynyň yzygider  we ýokary derejede dezinfeksiýa we sterilizasiýa edilmegi häzirki wagtda hassahana şertlerinde AIW we C gepatiti bilen kesellemegiň öňüni alýar.

Dezinfeksiýa düzüminde ýokançlyklar bar bolan hapa üstleri arassalamak maksady bilen geçirilýär. Sterilizasiýa usuly bilen arassalap bolmaýan pol, diwarlar, eller, egin-eşikler  dezinfesirlenilýär. Dezinfeksiýa mikroorganizmleri ýok edýär, emma ýokançlyk çeşmesi galýar. Şol sebäpli hem islendik lukmançylyk edarasynda lukmançylyk gurallarynyň we beden bilen galtaşykda bolýan enjamlaryň sterilizasiýasy geçirilýär. Sterilizasiýa ähli kesel dörediji ýokançlyklary we olaryň ösüş çeşmesini ýok etmäge mümkinçilik berýär.

Hirurgiki gural operasiýa wagtynda bedenden bölünip çykýan gan, iriň we beýleki ýokançlyklary saklaýan suwuklyklar bilen hapalanýar. Şeýle gural bilen bir ýeriňi tötänden çyzan ýa-da kesen ýagdaýyňda ýokançlygyň ýokuşma ähtimallygy artýar. Şonuň üçin hem operasiýa etmek üçin ulanylan gurallaryň ählisi dezinfesirleýji erginli gaba  salynýar (3%-li hloraminiň  ýa-da 6 %-li wodorodyň öteturşy ergini). Soňra gural erginden çykarylyp, akyp duran suwuň aşagynda ýuwulýar. Beden dokumalarynyň  we dermanlaryň galyndysyny aýyrmak üçin, gural ýuwujy serişdesi, wodorodyň öteturşusy bilen çotgaly ýuwulýar. Arassalanan gural guradyjy şkafda 80 C º-dan pes bolmadyk gyzgynlykda guradylýar. Arassa we gury gurallar sterilizasiýa edilmäge taýyndyr.

Lukmançylyk gurallarynyň   sterilizasiýasyny  geçirmegiň üç usuly bolýar: bug, howa we sowuk usuly. Bug sterilizasiýasy üçin ýörite awtoklaw ulanylýar. Ondaky suw basyşyň ýokarlanmagyndan gyzýar. Hirurgik gurallar, ýorgan-duşek we ýassyk daşlar, daňyjy materiallar we beýleki zatlar ýörite demir bikslere salnyp, awtoklawa ýerleşdirilýär.

Sterilizasiýa geçirilende, biksiň gapagy jebis ýapylýar, gapdallaryndaky deşikler bolsa açyk bolýar. Awtoklawyň işine sterilizasiýa wagtynda basyşy we gyzgynlygy ölçeýän gurallaryň  kömegi bilen gözegçilik edilýär. Sterilizasiýa tamamlanandan soň, biksiň gapdalyndaky deşikler ýapylýar we gapagynda sterilizasiýanyň wagty  görkezilýär. Agzy ýapyk biksiň içinde gurallar 3 gije-gündiziň dowamynda arassalygyny saklaýar.

Howa arkaly sterilizasiýa geçirilende, ýörite sterilizatorda emele gelýän gurak gyzgyn howa ulanylýar. Gurallary sterilizatoryň tekçelerine ýerleşdirip, gapysyny ýapýarlar we 180C º gyzgynlygy üpjün edýärler. Şeýle gyzgynlykda gurallaryň  doly sterilizasiýasy  üçin 60 minut ýeterlik bolýar.

Häzirki döwürde howa we bug sterilizasiýasy ýokançlyklar bilen göreşmegiň  iň esasy we ynamly usullarydyr. Şol sebäpli hem biziň günlerimizde hassahanalaryň we saglyk öýleriniň köpüsinde  hirurgik gurallary, zondlary, kateterleri, şprisleri öňdebaryjy usullar bilen sterilizasiýa etmäge mümkinçilik berýän sterilizasiýa bölümleri işleýär.

Sterilizasiýanyň sowuk usullaryna ultramelewşe, ultra ses ýa-da gamma-şöhleler ýaly ýokançlyklara garşy ulanylýan usullar degişli.

Şöhle sterilizasiýasyny diňe belli şertlerde (zawod şertlerinde) geçirip bolýar. Lukmançylyk edaralarynda bu usuldan peýdalanylmaýar. Şöhle sterilizasiýasy bir gezek ulanmak üçin niýetlenen şprisler, kateterler, zondlar, hirugik ellikler, sistemalar (asma sanjymlar we gan goýbermek üçin) we germetik (howa geçirmeýän) gaplardaky beýleki lukmançylyk gurallarynyň taýýarlanylýan zawodlarynda ulanylýar. Agzy jebis ýapylýan gapda şeýle gurallar 5 ýyl  arassalygyny saklaýar.

Optik, takyk we gymmat bahaly lukmançylyk gurallaryny sterilizasiýa etmek üçin, gaz usuly ulanylýar. Gurallar agzy jebis ýapylýan kamera salynýar we  olara formaliniň bugunyň täsiri ýetirilýär. Bu usul bilen geçirilýän sterilizasiýa gurallaryň zaýalanmagyna, olaryň görnüşiniň, hiliniň üýtgemegine ýol bermeýär. Soňky döwürde optik gurallary  bug usuly bilen arassalamakda perwomur we hlorgeksidiň spirtli ergini ulanylýar.

K  esýän hirurgik gurallaryň kütelmezligi üçin, olar antiseptikleriň erginleri bilen sterilizasiýa edilýär. Düzümine karbol turşulygy, formalin, soda we suw, etil spirti we wodorodyň öteturşusy girýän ergin giňden ulanylýar. Şeýle ergine we spirte salnan gurallary azyndan 3 sagat, wodorodyň öteturşusynda bolsa 6 sagat  saklamalydyr.

  • 3524 gezek okalan