22-nji – MART BÜTINDÜNÝÄ SUW GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

"Güller açylýandyr diňe suw bilen,

Toprak eçilýändir diňe suw bilen,

Suw içinde almasam-da demimi,

Ullakan bir parhym ýokdur luw bilen."

Berdinazar Hudaýnazarow.

 

Biziň ata-babalarymyz ene topragymyzyň bütin durkunyň täzelenmegine, Ýer togalagyndaky materiýanyň dürli görnüşleriniň hereket etmegine ýardam berýän suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplap, onuň her damjasyny gymmatly derman saýyp, oňa  çäksiz hormat goýupdyrlar.

Şuw tebigatda iň köp ýaýran, şol wagtyň özünde-de hiç zat bilen çalşyp bolmaýan eşret çeşmesidir. Ol ýaşaýşyň başlangajy we dowamydyr. Has dogrusy, ýaşaýyş üçin, howanyň, Günüň, topragyň, zerur bolşy ýaly suw hem zerurdyr. Suw ýaşaýşyň çeşmesidir. Suwsuz ýaşaýyş ýokdur. Suwuň tebigatda ähmiýeti örän uludyr. Suw adamzadyň-da, janly-jandarlaryň-da, ene topragyň-da, ösümlikleriň-de, haýwanlaryň-da ýaşaýşynyň gözbaşy bolup durýar.

Suw ýer ýüzüniň köp bölegini, ýagny üçden iki bölegini tutup, onda bolup geçýän özgerişlikleriň ählisine gatnaşýar. Düzüminde suw bolmadyk maddany tapaýmak gaty çetindir. Suw hatda daşlaryň we ýalynly magmanyň düzüminde-de bardyr.

XXVIII asyryň ortalaryna çenli suw öz gurluşy taýdan bölünmeýän madda hasaplanypdyr. Emma 1783-nji ýylda fransuz alymy Antuan Loran Lawuazýe suwuň çylşyrymly gurluşynyň bardygyny anyklady. Mundan soň ýüz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda suwuň düzümi H2O-dan ybarat diýip hasaplanyldy. 

Emma 1932-njy ýylda tutuş dünýä haýran galdyryjy habar ýaýrady. Alymlar tebigatda adaty suwdan başga-da suwuň bardygyny anykladylar. Bu agyr suw diýip atlandyrylýan suwdur. Onuň düzüminde wodorodyň ornuna agyr izotop-deýteriý bolup, dykyzlygy adaty suwuňkydan 10% dykyzdyr. Ol 101,42 °С gaýnap, +3,8 °С doňýar. Biziň günlerimizde suwuň izotoply görnüşeleriniň 135-si bellidir.

Häzirki döwürde alymlar suwuň ýene-de bir üýtgeşik häsiýetini açdylar. Olar suwuň maglumatlar ýadynyň bardygyny subut etdiler. Alymlar suwuň öň gatnaşykda bolan materiýasy baradaky şatlykly we gynançly maglumatlary kabul edip, olary habar berip bilýändigini anykladylar.

Suwuň hiç ýokumlylygy ýokdur. Ýöne meşhur alym Leonarda da Winçiniň belläp geçişi ýaly, suw – ýaşaýşyň şiresidir. Ol janly organizmleriň esasy bölegini düzýär. Ösümligiň 90 %-ni, uly ýaşly adamyň bedeniniň 60-65%-ni adamyň süňkleriň 22%-ni, ganyň 92%-ni suwuň düzýändigini mälimdir. Adamyň myşsalarynyň 70%-ni, ýagly dokumalaryň we beýniniň 75%-ni hem suw düzýär. Suwuň esasy mukdary, ýagny 70%-i öýjüklerde ýygnanandyr. Galan 30%-i bolsa öýjüklerden daşarda ýerleşýär: ol dokumalary we öýjükleri ýuwýar.

Suwuň adamyň organizmi üçin ähmiýeti. 

Suw adamyň organizmi üçin iň gerekli maddadyr. Adam iýmitsiz dört hepdeden köp ýaşap bilse-de, suwsuz ýedi günden köp ýaşap bilmeýär. Beden agramynyň 2%-den (1-1,5 litr)  az mukdardaky suw ýitirilende, teşnelik duýgusy döreýär. 6-8%-niň ýitirilen ýagdaýynda adam özünden gidip bilýär. 10%-niň ýitirilen ýagdaýynda adamyň gözüne gallyusinasiýalar (göze görünmeler) görnüp bilýär. 20%-ň ýitirilmegi adamyň janyna howp salyp bilýär.  Ýöne suwy çendenaşa köp içmek-de adamyň organizmi üçin zyýanlydyr. Suw gereginden köp kabul edilende adamyň ýürek-damar ulgamyna agram düşýär. Adam köp derläp, organizmindäki duzlary ýitirýär. Bu bolsa organizmiň tapdan düşmegine eltýär.

Suw janly-jandarlaryň we ösümlikleriň durmuşynda görnükli orny eýelemek bilen, olarda bolup geçýän özgerişleriň hemmesine gatnaşýar. Çünki ol maddalaryň arasynda bolup geçýän himiki täsirlerde hemmetaraplaýyn eredeji hökmünde hereket edýär.    

 

Ynha suwuň biziň organizmimizde ýerine ýetirýän işleriniň gysgajyk sanawy:

  1. Suw bedeniň temperaturasyny kadalaşdyrýar.
  2. Suw howany çyglaýar.
  3. Suwbedeniň ähli öýjüklerine ýokumly maddalaryň we kislorodyň barmagyny üpjün edýär.
  4. Suwadamyň wajyp organlaryny goraýar we olaryň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär.
  5. Suwiýmitiň kuwwatlylyga öwrülmegine ýardam berýär.
  6. Suworganizmiň ýokumly maddalary özleşdirmegine köme edýär.
  7. Suworganizmden iýmitiň zyýanly galyndylaryny çykarmaga kömek edýär.

 

Suw garramaklygyň özboluşly görkezijisi hem bolup durýar. Ýaňy doglan çaganyň bedeniniň 80–85%-ni suw düzýär. Adam 18 ýaşynda ýetende, onuň bedenindäki suwuň mukdary 65–70%-e çenli, garranda bolsa 25%-e çenli azalýar. Alymlaryň köpüsi adamyň ýaşlygyny uzaltmakda suwuň täsiri bar diýip hasaplaýarlar.

Adam gije-gündiziň dowamynda suwy näçe içmeli?

Işiň agramyna, daşky şertlere (mysal üçin, howa şertleri), ýerli däp-dessurlara laýyklykda adam gije-gündiziň dowamynda orta hasap bilen 2-den 4 litre çenli suwy kabul edýär. Bu mukdaryň 1-2 litri dürli içgiler, suwuk nahar görnüşlerinde kabul edilýär. Galan mukdary bolsa gurak naharlar görnşlerinde kabul edilýändir. Ýöne hatda iň "gurak” naharyň-da 50-60% -i suwdan ybaratdyr. Eýsem biziň organizmimize näçeräk suw gerek? Eger siz ir-iýmişler, gök önümler, däneler we aňsat özleşdirilýän beloklar bilen iýmitlenýän bolsaňyz, size gije-gündiziň dowamynda 1 litr suw ýeterlikdir. Eger-de et, balyk, ýumurtga, çörek, ajy-turşy zatlardan garbanan bolsaňyz, 1,5-2 litr suw içmek ýeterlikdir. Adam näçe köp iýýän bolsa, şonça-da köp suw içmelidir. Eger adam köp derläp, onuň deri ysly bolsa, onda suwy köpräk içmelidir. Suwy deriň ysy teniň ysy deňleşer ýaly mukdarda içmelidir. Limfalar arkaly zäherli maddalaryň köp mukdary geçýär. Zäheri bolsa diňe suw bilen eredip çykaryp bolýandyr.  Ýöne ýokarda belläp geçişimiz ýaly, suwy çendenaşa köp içmek-de adamyň organizmi üçin zyýanlydyr. Suw gereginden köp kabul edilende adamyň ýürek-damar ulgamyna agram düşýär. Şonuň üçin-de her bir zatda öz organizmiňiziň ýagdaýyna we talaplaryna görä hereket ediň.

Ulanylan WEB Salgy

  • 3586 gezek okalan