24-nji MART BÜTINDÜNÝÄ INÇEKESELE GARŞY GÖREŞ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

INÇEKESEL   WE   SOSIAL   FAKTORLAR.

Inçekesel düýpli gaýraüzülmelere getirýän infeksion kesel bolup, soňky ýyllarda bu keseliň ýayramaklygynyň ýokarlanandygy ýüze çykdy. Bize belli bolşy ýaly, bu kesel, bedeniniň kesellere durnuklylygy pes adamlarda ýüze çykýar. Ýer ýüzüniň ilatynyň 1/3 bölegi inçekesel basillasyny göterýändir. Kesel ýokuşanlaryň her 10-dan biri kesel bilen keselleýändir.

Sosial-ykdysady ýagdaýlaryň durnuksyzlygy, işsizligiň ösmegi, ilatyň migrasiýasynyň ýokarlanmagy, arakhorlyk, neşekeşlik, öýsüzlik inçekesel bilen kesellemegiň ýokarlanmagyna we onuň ýaýramagyna sebäp bolýar.

Soňky onýyllykda, dünýäniň ösüp barýan ýurtlarynda, inçekesel bilen keselçilik, esasan hem onuň açyk (basillýar) görnüşleriniň ýüze çykmagy iki esse artdy.

Inçekesel ýokançlygynyň epidemiki howplylygy, bu keseliň çagalara ýokuşma ýagdaýynyň hem köpelýänligi bilen düşündirilýär. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen, keselli çagalaryň sanynyň artjakdygyndan habar berýär. Dogrusyny aýdanyňda, “keseliň çagalara ýokuşma derejesi“ diýen düşünje takyk däldir. Sebäbi doglandan soň, hemme çagalar inçekesele garşy waksinasiýa geçýärler we bedeniň oňa bolan durnuklylygy gowşadygy saýyn rewaksinasiýa (gaýtadan waksinasiýa) geçirilip durulýar. Başgaça aýdanyňda, hemme çagalara emeli ýagdaýda ýokançlygyň ýokuşdyrylmasy geçirilýär. Çaga bedeniniň goraglylygyna garamazdan, her ýyl daş-töweregindäki adamlardan olara “hakyky“ inçekesel taýajyklary bilen ýokuşma bolup geçýär. Bu ýagdaý her ýyl çagalara geçirilýän Mantu barlagynda kadadan yokary netijeleriň sanynyň ýokarlanýanlygyndan hem kesgitlenilýär. Bu üns bermeli we çäre görmeli delilleriň biridir.

Inçekesel wagtynda anyklanylmadyk we bejerilmedik ýagdaýynda maýyplygy we ölümçilige alyp barýandyr. Resmi çeşmeleriň habar bermegine görä, Orsýetde her gün 80-e golaý adam inçekeselden ölýär. Şolaryň 75%-i işe ukyply ýaşdaky adamlardyr. 1991-nji ýylda bu kesel boýunça maýyplyga çykma iki esse artdy. Hasapda duran her dördünji näsag inçekesel sebäpli maýypdyr.

Inçekesel boýunça has agyr ýagdaý tussaghanalarda ýüze çykdy. Inçekesel bilen näsaglanlaryň 30%-50% çenlisi sosial basgançagyň iň aşagynda duran adamlardyr.(köp gezek jenaýat edenler, arakhorluk, neşekeşlikden ejir çekýänler, öýsüzler)

Ilatyň şu topary bilen işlemek ftiziatr-lukmanlar üçin has hem çylşyrymlydyr. Dowamly arakhorlukdan, neşekeşlikden, dürli ruhy üýtgemelerden ejir çekýän sosial uýgunlaşmadyk bu toparyň adamlary, bejergini köplenç doly alman taşlaýarlar. Bu adamlar inçekeseliň, esasan hem onuň dermanlara uýgunlaşan görnüşleriniň çeşmesi bolup, daş-töwerekdäki adamlaryň saglygyna uly howp salýarlar. Esasy howsala salýan zatlaryň biri hem, tussaghanalardan boşan näsaglaryň diňe 50%-i özbaşdak medisina kömegi üçin degişli saglygy goraýyş edaralaryna ýüz tutýarlar.

Inçekeseliň köpelmegine, oba hojalykda iri şahly mallaryň arasynda hem bu keseliň ýaýraýanlygy sebäp bolýar. Bu bolsa weterinar gözegçiliginiň güýçlendirilmegini talap edýär.

Soňky ýyllarda, inçekeseliň zeperlenmä, gaýraüzülmelere köp getirýän görnüşleriniň ýaýraýanlygyny bellemelidir.

Keseliň epidimiologiki häsiýeti hem üýtgeşmä sezewar boldy. Inçekeseliň mikobakteriýalarynyň dermanlara durnukly görnüşi köpeldi. Bu durnuklylyk, inçekesel taýajyklarynyň hromosomynda geçýän mutasiýa ýagdaýy bilen baglanşyklydyr.

Häzirki  wagtda, inçekeseliň açyk görnüşi bilen ýüze çykarylan näsaglaryň 20%-den gowragy, dermanlara durnukly mikobakteriýalary bölüp çykarýarlar. Bu bolsa bejergini kynlaşdyryp, ýokary ölümçilige getirýän, inçekeseliň dowamly görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Daşary ýurt ekspertleriniň aýtmagyna görä, şunuň ýaly näsaglary has güýçli bolan derman serişdeleri bilen bejermelidir.  Bu ýerde başga sorag gelip çykýar. Adam bedeni şunuň ýaly agyr bejergini gaýraüzülmesis, hiç hili negatiw täsirsiz göterip bilermikä?

Inçekeseliň dowamly görnüşleri bilen näsag adamlar 12-18 aýyň dowamynda 4-den az bolmadyk, käwagt 5-6 dermany birden kabul etmeli bolýar. Dermanlaryň zäherleýji täsirini adamyň bedeniniň göterip biljekdigini ýa-da blmejekdigini göz önüne tutmalydyr.

Şu ýerde 30 ýyldan hem köp  ftiziatr-lukmany bolup işlän rus lukmanynyň pikirini musal getiresim gelýär: “Adam bedeninde inçekesel taýajygyny öldürip bolmaz. Ony diňe adamyň özi bilen jaýlap bolar. Ýöne dermanlary ýerlikli ulanmak bilen, uzak wagtlyk durnuklylyk ýagdaýy ýa-da kliniki sagalmany gazanyp bolar. Onuň üçin bejergi çäreler toplumyny işläp düzmek möhümdir. Ilki bilen, inçekeseliň geçiş häsiýetine baglylykda, her näsag üçin iýmit bilen bejergini gurnamalydyr. Ikinjiden, bedeni gurplandyryjy, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýan dermanlary ulanmalydyr...“ Her näsagyň iýmitlenmegine goýberilýän serişdäniň ujypsysdygyny we goşmaça derman serişdelerini sosial uýgunlaşmadyk adamlaryň alma mümkinçiliginiň pesdigini göz öňüne tutsak, dogrudan hem, gözgyny ýagdaý ýüze çykýar.

Inçekesel – jemgyýetiň sosial ýagdaýyny görkezýän indikatordyr. Ol garypçylygyň keselidir we bu fakty gizlemegiň geregi ýokdur. Eger garyplyk we oňa getirýän sebäpler aradan aýrylmasa, hiç ýurtda hem inçekeselden üstün çykyp bolmaýar.

Oňa mysallar köpdür. Hytaýda, Braziliýada, Hindistanda ykdysadyýet ösüp başlap, halkyň hal-ýagdaýy ýokarlanan badyna, inçekesel bilen keselçilik we ölümçilik has pese düşüp başlady.

Inçekesele göreşmek çärelerini alyp barmakda, inçekesele garşy gullugyň möhüm orny bardyr. Ýöne bu gün ftiziatr-lukmanyň käri ýaş lukmanlaryň arasynda ýörgünli däldir. Hünärmenleri inçekesele garşy göreşýän medisina edaralaryna işe çagyrmak kyn mesele bolup durýar. Olaryň aýlyk hakynyň azlygy, goşmaça sosial kepillikleriň bolmazlygy, keseliň medisina işgärlerine ýokuşma töwekgelçiligiň ýokarylylygy, birnäçe gezek jenaýatçylyga çekilen näsaglar bilen işlemek howpy onuň esasy sebäbidir.

Ýokarda agzalyp geçilen kynçylyklaryň hemmesi, inçekesel bilen göreşmekde, hökümet we adminstratiw guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, döwlete degişli bolmadyk guramalaryň, ftiziatr lukmanlaryň we medisina jemgyýetçiliginiň güýjüniň birikdirilmeginiň möhümdigini ýene bir gezek görkezýär.

  • 2934 gezek okalan