7-nji APREL BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy her ýylyň  7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi belleýär. Bu gurama her ýyl adamzadyň saglygyny goramaga niýetlenen belli bir mowzugy saýlaýar. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň mowzugy — mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylyk. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bize şeýle duýduryş berýär:

Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine durnuklylyk: şu gün degişli çäreler görülmese, biz ertir dermansyz galarys.

Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylyk — bu täze mesele däldir. Onuň adamzada bolan howpy barha artýandyr. Köp ýurtlar bu mesele babatda, ýagny «antibiotiklerden öňki döwre» dolanmazlyk üçin, degişli çäreleri görýärler. Ýöne bu meselede hemmeleriň hyzmatdaşlyk etmegi zerurdyr.   

Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylyk we onuň bütin ýer ýüzüne ýaýramagy.

Biz häzirki döwürde antibiotiklere we mikroblara garşy niýetlenen serişdeleriniň köp görnüşlerine örän garaşlydyrys. Biz bu derman serişdeleri arkaly köp keselleri ýeňip geçýäris. Antibiotikler peýda bolmanka, bu keselleriň käbirini asla bejerip bolmaýardy. Şoňa görä-de, bu keseller müňlerçe adamlaryň biwagt aradan çykmagyna sebäp boldy. Ýöne  antibiotikleri we mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerini gerekse-gerekmese ulanylan ýagdaýynda, bu dermanlar öz täsirini ýitirýärler. Şunlukda, olaryň peýdasyndan zyýany köpelýär.  

Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylyk näme?

Adamlar bakteriýalar, mikroblar, kömelekler we parazitler ýaly mikroorganizmler zerarly döreýän kesellerden saplanmak üçin, degişli dermanlary ulanýarlar. Ýöne bu dermanlar gaýta-gaýta ulanylanda, bu mikroorganizmler olara öwrenişýär-de, dermanlara durnukly bolýarlar. Türkmençeläp aýdanymyzda, howply keselleri döredýän mikroorganizmler dermanlara öwrenişeni üçin, olary «äsgermän» başlaýarlar. Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdeleri indi olary ýeňip bilmeýär. Olar indi bu kesellere  täsir edip bilmeýärler. Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine «öwrenişip», olara durnukly bolan mikroblary köplenç «ýokary derejeli infektler» diýip atlandyrýarlar. Olar adamzada howp salýandyrlar. Sebäbi bu mikroblar öz durnuklylygy arkaly dermanlardan üstün gelýär-de, adamy öldürip bilýärler. Olar aňsatlyk bilen bir adamdan beýleki adama geçip bilýärler. Şunlukda, olar adamlara we tutuş jemgyýete ägirt mukdardaky puly sarp etdirýärler.

Mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylygyň artmagyna şu ýagdaýlar sebäp bolup bilýärler:

  • Dermany nädogry ulanmak. Mysal üçin, dermanyň bir gezeklik mukdaryny nädogry bellemek ýa-da onuň kabul edilişini bellenilen möhletden öň bes etmek.
  • Dermanlaryň hili ýaramaz bolan ýagdaýlarynda.
  • Dermanlary gerekse-gerekmese kabul etmek.

 

Bu meseläniň döwlet tarapyndan çözülmedik ýagdaýynda,  epidiologiki gözegçiliginiň erbet geçirilen ýagdaýynda, keseli anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş serişdeleriniň azalmagy, lukmançylyk ýalňyşlyklary bu meseläniň howpuny has-da artdyrýar.

Şoňa görä-de, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) mikroblara garşy niýetlenen derman serişdelerine bolan durnuklylyga garşy göreşmek üçin, alty syýasy çäreleriniň toplumyny düzdi. BSGG 2011-nji ýylda geçirilýän Bütindünýä saglyk gününde bu çäreler toplumyny hemme ýurtlarda geçirmäge çagyrýar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 4024 gezek okalan