11 OKTÝABR – GYZJAGAZLARYŇ HALKARA GÜNÜDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (18 Ses)

Gyz çagalaryň halkara güni Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan ýyglan edilen, halkara derejesinde bellenilip geçilýan senedir. Birinji gezek bu Gün 2012-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-ne bellenilip başlandy. Bu Günüň esasy maksady-gyzlaryň hukuklaryny goldamak, olaryň hukuklaryna bolan hormaty ýokarlandyrmak we durmuşda ýüzbe-ýüz duş gelinýän özboluşly meselelerine halkara derejede ünsi çekmekdir. Dürli ýurtlarda ýaşaýan gyzlar her gün dürli kemsitmelere we zorluklara sezewar bolýarlar. Bu kemsitmeler we hukuk bozulmalary, bilime bolan hukuklary we mümkinçilikleri, sagdyn iýmitlenmäne, ýuridiki hukuklary, lukmançylyk hyzmatlaryny, fiziki we emosianal zorlukdan goraglylygy we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň durmuşa çykarylmagy ýaly ýagdaýlary we çylşyrymly meseleleri öz içine alýarlar.

Her ýyl Gyz çagalaryň halkara güni gyzlaryň durmuşda duçar bolýan bir anyk durmuşy meselesine bagyşlanylýar. Mowzuklar BMG-sy, onuň dürli edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen maslahatlaşylyp saýlanyp alynýar. 2012-nji ýylda bellenilip geçilen sene "çaga nikasyny" bes etmegiň kampaniýasyna bagyşlansa, 2013-nji ýylda gyzlaryň bilim mümkinçiliklerine ünsi çekme makul bilindi. Bu ýylyň dabarasy "yetginjek gyzlaryň özleriniň güýçlerine bolan ýnamyny ýokarlandyrmak – üznüksiz zorluklary togtatmak" diýip atlandyrylýan mowzuga bagyşlanýar.

BMG-nyň bu senä bagyşlanyp kabul edilen rezolýusiýasynda Günüň esasy maksady bellenilýär. Rezolýusiýada "gyzlaryň özüne, öz güýjüne bolan ynamyny ýokarlandyrmak, olaryň ösüşine ýardam bermek – jemgyýetiň durnukly ykdysady ösüşi üçin wajypdyr" diýlip nygtalýar. Gyzlaryň öz durmuşlaryny erkin saýlap, oňa işjeň gatnaşmaklary, özleriniň garşysyna edilýän diskriminasiýanyň we zorluklaryň bes edilmeginde wajyp bolan ädimleridir. "Bu maksada ýetmek uçin ene-atalaryň we beýleki maşgala agzalarynyň, mugallymlaryň, erkek adamlaryň we bütün jemgyýetiň isjeň tagalla etmegi zerurdyr" diýlip bellenilýär.

Gyzlar geljekde dürli käriň eýesi bolup, jemgyýete peýda getirjek jemgyýet agzalarydyr. Iň esasy bellemeli zat hem, olar geljekki eneler bolup, maşgala ojagyny gorap saklajak Zenanlardyr. Biziň jemgyýetimizde olary alada goýýan kynçylyklaryň üstünde durup geçip, olaryň çözgüdi barada gyzlaryň pikirini bilmek biz üçin örän peýdaly we gyzykly bolardy.

Ulanylan WEB Sahypalar: 1 / 2

  • 2595 gezek okalan