SAGLYK.INFO DÖREDILENINE 4 ÝYL BOLDY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (17 Ses)

Saýtymyzyň hormatly okyjylary!

"Saglygym – baýlygym" diýlip ýöne ýerden aýdylmaýan bolsa gerek. Sagdyn beden we sagdyn ruhy dünýämiz biziň edýän hereketlerimiziň, pikirlerimiziň, durmuşda önümizde goýan meýillerimiziň we olary amala aşyrmagyň, ömrümiziň dowamynda döredýän zatlarymyzyň hilini kesgitleýän esasy ýagdaýdyr. Adam saglygynyň daşky gurşawa we jemgyýetçilik-sosial ýagdaýlaryna juda bagly bolup durýandygyny hem ýene bir gezek nygtasymyz gelýar.

Biz öz saýtymyzyň sahypalarynda adam saglygyna täsir edýän faktorlar, keseller, olaryň döremeginiň sebäpleri we olaryň öňüni almagyň düzgünleri, adamynyň ruhy dünýäsiniň aýratynlyklary we oňa täsir edip biljek ýagdaýlar, daşky gurşawyň we jemgyýetdäki sosial-ykdysagy üýtgemeleriň saglyga edip biljek täsiri baradaky maglumatlary aýdyň we düşnükli dilde beýan etmäge çalyşýarys. Ýöne biziň maksadymyz diňe bir lukmançylyk meselerinden söz açma däl-de, jemgyýetiň öňünde şu babatda bar bolan kynçylyklar barada siziň, biziň okyjylarymyzyň pikirlerini, teswirlerini, olary çözmekde hödürleýän tekliplerini bilmek üçin özara pikir alyşmalary gurnamadyr.

Biziň saýtymyzyň döredilenine şu gün 4 ýyl boldy. Bu onçakly bir uly möhlet bolmasa hem, belli bir ýetilen sepgitleriň jemini jemlemäge mümkinçilik berýärmikä diýýäris. Biziň okyjylarymyz bilen özara pikir alyşmalary, öz aralarymyzda belli bir derejede söhbetdeşligi gurnama, şol esasynda hem meseleleriň çözgütlerine ýakynlaşmaga ymtylma-biziň maksatlarymyzyň esasy bölegi bolup durýardy. Sizden gelip gowuşýan ýzygiderli, köp sanly soraglar, teswirler, teklipler we pikir alyşmalar, sosial ulgamlardaky teswirleriňiz biziň maksadymyzyň belli bir derejede başa barandygyndan güwä geçýär. Saýtymyzyň watandaşlarymyza, daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimize we dostlarymyza pikir alyşmaga, meseleleriň çözgüdini gözlemäge mümkünçilik berýändigine biz diýseň buýsanýarys.

Dört ýylky sepgitleriň jemini jemläp, biz siz, biziň okyjylarmyz bilen aragatnaşygyň biziň üçin ylham çeşmesi, gymmatly we peýdaly goldag bolup durýandygyny nygtasymyz gelýär. Size saglyk, maşgala rowaçlygyny, hemme meýilleriňiziň amala aşmagyny arzuw etme we geljekde hem saglyk.org saýtynyň sahypalarynda ýygy-ýygydan duşuşyp durma umydyny bildirme bilen

Saýtyň işgärler topary.

  • 2386 gezek okalan