16-NJI NOÝABR – ÝOL-ULAG HADYSALARYNDA HELÄK BOLANLARY ÝATLAMAGYŇ HALKARA GÜNÜDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (18 Ses)

KÖÇE DÜZGÜNI WE SÜRÜJILER BARADA KELAM AGYZ SÖZ

Şu döwürde biziň durmuşymyzy awtomobilsiz göz öňüne getirmek ýeňil bolmasa gerek. Ýyldan-ýyla ösüp barýan tehnologiýalaryň netijesinde awtomobilleriň görnüşleriniň we sanlarynyň artýandygy hemmämize hem mälimdir. Ýer ýüzünde adamzat durmuşynyň köp ugurlarynda ulanylýan ulag serişdeleriniň esasylarynyň biri bolup durýan awtomobiller ulanylyşy boýunça adamzadyň öňünde köp meseleleri keserdip goýýar. Ol meseleleriň aglabasy ulanylşy babatynda ymykly öwrenmegi we uly ünsi talap edýändir. Eýsemde şu döwürde ulanylýan uly tizlikli awtomobilleri başarnyksyz, seresapsyz sürmek mümkinmi? Elbetde onuň jogaby köpler üçin aýdyňdyr. Şäherlerde geçen asyrda ulanylan dar köçelerden soňky 20-25 ýylyň dowamynda sany boýunça birnäçe gezek artan awtomobilleri sürmek örän uly seresaplylygy talap edýär. Hereketiň artýan köçelerinde çatryklarda sfetofor yşyklaryna laýyklykda 4-6 gezek gyzyl, ýaşyl çyranyň gezekli-gezegine ýanmagyna garaşmaly bolýar. Köçelerde dykyn emele getirýän awtomobilleri göreniňde bialaç kelläňi ýaýkaýarsyň we şol wagt ruluň başynda oturan sürüjileriň başdan geçirýän ahwalatlaryna duýgudaşlyk bildiresiň gelýär.

20-25 ýyl mundan ozal hem täze awtomobilleri "bezeg serişdesi" hasaplap, bu barada kinaýa bilen aýdýardylar. Ol döwürde adamlaryň az sanlysynda ýeňil ulag bardy. Şu döwürde awtomobilleriň sanynyň birnäçe esse köpelmegi, öňki kinaýaly sözi ýatdan çykardyp, olaryň diňe ulag serişde bolup durýandygyny subut etdi. Geçen 15-20 ýyl mundan ozal daşary ýurt kysymly awtomobiller bolman, diňe Russiýa Federasiýasynda çykarylýan ýeňil ulaglary sürýänleriň arasynda ýaş oglanlaryň umumy sany azdy. Az sanda aýallar diýäýmeseň, ýaş gelin-gyzlaryň sany barmak basyp sanaýmalydy.

Şu döwre seredip adalatyň hatyrasyna aýtsaň, şol ýyllarda sürüjileriň taýýarlanşy belli bir ýagdaýda talaba laýykdy, jogapkärlidi, sebäbi şu wagtdaky ýaly başdansowmalyk we hapa peşgeş giň ornaşmandy. Her näme diýseň hem, sürüjilik okuwy 2-3 aý geçirilse-de, oňa resminama (sürüjilik şahadatnamasy) almak üçin gatnaýmasaň, talaba laýyk sürüji bolýan ýokdy. Teoriýa babatynda okuw kadalyrak geçirilse-de, amaly sürüjilik okuwyň hili örän pesdi. Indi welin teoriýa we amaly okuwyň hili pes bolansoň, aýratyn hem 17-18 ýaşyndaky ýaş oglan we gyzlar köçe düzgünlerini we belliklerini aýyl-saýyl etmän, başga sürüjilere hem howply ýagdaý döredip, seýrek bolmaýan pajygaly ýagdaýlaryň döremeginiň sebäbi bolýarlar.

Eýsemde bolsa, uly tizlikde barýan maşynda güýçli ses bilen aýdym-saz diňläp, öýjükli telefonda gepleşip barýan ýaş oglandan nämä garaşyp bolar? Ýaş oglan-gyzyň para berip alan sürüjilik kagyzlary we sürüjilik ukybynyň ýoklugy ýa-da pesligi nämelerden habar berýär? Olar ýaly sürüjileriň awtomobilleri köçelerde uly howpa öwrülmeýärmi näme? Köçe düzgünini gödek bozandan soň, ony saklan ýol gözegçilik gullugynyň işgärini äsgermän, paýyş sözler bilen masgaralap, saklanlygy üçin ertiriň özünde ony işden kowdurjak ýokary wezipede işleýän kakasynyň bardygyny ýaňzydýan dogma näme diýip, näme aýtjak? Owadan täze maşyndaky sürüji gögele gyz bilen gepleşibem bir gördä! Başga durmuş ugurlarynda hem derwaýys welin, ýöne sürüjileriň arasynda medeniýetlilik we biri-biriňe hormat, çydamlylyk bolmasa iň ýaman ýeri şondamyka diýip oýlaýaryn. Köçe hadysasynda göze dürtülip duran günäsi bolsa-da ýaş ýigit ýa-da gyz ýalňyşyny boýun alman ýer depip durandyr. Käbir ýagdaýlarda ýol hadysasynda düşünişäýmeli ýaly welin, sürüji adamlaryň gözleriniň alnynda "dadyň ýeten ýerine gidäý" diýip, hiç bir adamyny äsgermän maşynyna atlanyp ýok bolýanlara hem duşmak bolýar.

Käwagtlar näsazlykdanmy ýa-da elektrik togy az wagtlyk kesilen wagtynda swetoforly çatrykda köçe düzgünine görä biri-birine ýol berip geçäýmeli ýaly bolsa-da, uly gykylyk we nadaralyk edip duran sürüjä az duşmaýarsyň. Başga bir ýagdaýda, dazlap gidip barýan ýeňil maşyndan içilen suwuň gutusy ýa-da çekilen çilimiň galyndysy, çigitlenen çigit gabyklary gaýyp köçä düşende, "Biz haýsy wagtda ýaşaýarys?" diýen sorag ýüze çykýar. Bu bolsa ýaşy kiçiligine ýa-da ululygyna garamazdan sürüjiniň medeniýetsizliginden habar bermeýärmi eýsem?

Çydamlylygy pes dargursak adam gowy sürüji bolup bilermi? Tizlik bilen gelýän ulag swetofora ýakyn gelende öňünde ýanan gyzyl çyrany äsgermän, badyny saklaman ýa-da ulaglaryň arasynda ol hatardan bu hatara akkessirme edip ýören sürüjiniň howply ýagdaý döredip, başgalary äsgermän, hormat goýman edýän hereketine beýlekileriň nähili baha berýändiklerine göz ýetirip görüň. Käbir polisiýa işgärleriniň jogapkärsizligi, galyberse-de ol ýagdaýlara göz ýummaklary birnäçe ulaglaryň çagşamagyna, adamlaryň bolsa maýyp galmagyna ýa-da ömür tanapynyň üzülmegine getirýär.

Köçe hereketinde häçe çylşyrymly, galagoply ýagdaýlar bolsa-da, özüňi asuda saklap we edýän her bir hereketiňe jogapkärli bolup, özgelere hormat etmek sürüji üçin iň bir gerek bolan derwaýyslykdyr. Şular berjaý edilende köçe hereketi howply hem bolup durmazdy. Her bir kada görä adamda hyjuw we meýillilik bolmaly. Biziň gözel şäherimizde döwlet köp çykdaýjy edip ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin gatnawly ýerlerde ýerasty geçelgeler gurdy. Nebsimiz agyrsa-da, kaşaň gurlan, owadan, arassa geçelgeleriň ulanylşy örän ýabygorly. Ýogsam olaryň howpsuzlyk üçin gerekligi göze görnüp duran hem bolsa, çagalar we ulular emgenmezlikdenmi ýa-da gyssawlylykdanmy geçelgäni ret edip, uly gatnawly köçelerden geçjek bolup özleri üçin howply ýagdaý döredýärler.

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek diňe bir sürüjiler üçin däl-de, eýsem bolsa pyýadalara hem degişlidir. Sürüjiler üçin kanuna salnan kesgitlilikler bolsa-da, pyýadalaryň belli bir kanuny jogapkärçiligi duýmazlyklary howply we pajygaly ýagdaýlaryň bolup durmagyna getirýär. Daşary ýurtlarda, meselem Germaniýada, Wengriýada, Amerikada, Eýranda, Türkiýede we başgalarda köçe hereketine gyzyklanma, bilesigelijilik bilen seredeniňi duýman galýarsyň. Ol ýerlerde sürüjileriň pyýadalara, pyýadalaryň sürüjiler bilen özara geçirimliligi, hormaty, maşynlaryň özaralarynda bolmaly aralygy saklap, sürüjileriň aýratyn hem garry adamlara, maýyplara, çagaly barýan adamlara hormat bilen garaýyşlaryny görüp, öz ýurduňda hem şeýle boljagyna özüňden ynam bildirýärsiň. Birnäçe ýurtlarda ýol hereketini gödek bozýan sürüjilere pul jerimelerini töletmek arkaly jeza artdyrylýar. Ýöne şeýle ýagdaýdan başga çykalga bolup bilermi?

Dogrymyzy aýtsak ol degerli netije bermez. Sebäbi ruluň başynda oturan serhoş ýa-da seresapsyz sürüji köçe düzgünlerini bilmeýän bolsa ýa-da äsgermeýän ýagdaýynda ýokarlandyrylan pul jerime salma jezasi peýdaly netije berer diýip bolmaz. Ony diňe mümkinçilik döredip, ähtibar lukmançylyk barlagyndan geçirilmegi we onuň psihiki ýagdaýynyň anyklanylmagy bilen bir netije gazanyp bolar. Sebäbi durmuşyň adama edýän täsirine görä onuň psihiki ýagdaýynyň üýtgemeginiň mümkinligini hünärmenler belleýärler ahyryn. Ol barlaglary wagtly-wagtynda geçirip, sürüjiler üçin ýygy-ýygydan, pyýadalar, ýagny ulular üçin ýaşaýyş jaýlarynda, işleýän edaralarynda, çagalar üçin bolsa okuw sapagy görnüşinde çagalar baglarynda, mekdeplerde ýola goýulsa laýyk bolardy.

Lukmançylyk barlaglarynyň esasynda adamyň daş-töweregine, hadysalara bolan duýgurlylygy (reaksiýa) pes ýa-da ýok halatynda ol adamlary sürüjilikden daşlaşdyrmak ýerlikli bolardy.

Şu döwürde örän möhüm bolup örboýuna galan bu eýýämiň zerurlygyna gyýa göz bilen seretmek hem-de başdan sowmalyk etmek adamzat üçin uly howplylygy artdyrar.

  • 3004 gezek okalan