AIDS — SOŇKY TÄZELIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (21 Ses)

1-nji dekabrda AIDS keseline garşy göreşmegiň Halkara güni bellenilip geçilýär. Keseli dörediji wirus tapyldy, keseliň alamatlar toplumy hem kesgitlendi. Täsirliligi ýyldan-ýyla kämilleşýän antiretrowirus derman serişdeleri bilen bejergi geçirilip, AIW- göterijileriň we AIDS kesellileriň ömrüniň dowamlylygy uzaldylýar. Alymlar bu keselden doly we gutarnykly sagalmany üpjün edýän dermanlaryň we waksinalaryň gözleginde.

Dünýä habar beriş serişdeleri AIDS keseline degişli soňky täzelikleri habar berýärler.

Alymlar AIDS-iň ýokuşmagynyň öňüni alýan derman serişdesini döretdiler.

Alymlar AIW-iň ýokuşmagyny 90% peseldýän täze derman serişdesini döretdiler. Barlagçylaryň bellemegine görä, bu açyş kesele garşy göreşmekde edilen uly öňegidişlik bolup durýandyr.

Fransuz alymlary bu serişdäniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, onuň meýilleşdirilýän jynsy gatnaşyklardan öň kabul edilmelidigini we bu serişdäni töwekgelçilik toparlarynyň arasynda ýaýradylmagynyň dogry boljakdygyny belleýärler. Bu serişde öz netijeliligini ABŞ-da subut edip, bu gerdejikleriň her gün ulanylmagy keseliň öňüni alma çärelerine sarp edilýän çykdaýjylary tygşytlamaga kömek edip biler.
Amerikan AIDS-fondunyň habar berijisi Ýuzef Azadyň bellemegine görä, "derman serişdesini barlamagyň netijeleri onuň ilkinji kömek höküminde täsirliligini subut etdi".

Häzirki wagtda, dünýäde 34 mln. adam AIW göteriji bolup durýandyr. Kesellileriň aglaba bölegi Efiopiýanyň, Nigeriýanyň, Zambiýanyň, Gunorta Afrikan Respublikasynyň, Zimbabwanyň paýyna düşýändir. Rossiýa, Latyn Amerikasy we Orta hem-de Günorta Aziýa ýurtlaryndan soň, keseliň ýaýramagy boýunça dördünji orny eýeleýändir.

AIDS-IŇ WIRUSY BEÝNIDE GIZLENÝÄR

Adamyň beýnisi AIDS keselini döredýän wirusyň ýaşamagy üçin örän amatly ýer bolup durýar. Bu barada 70 sany wirusa garşy bejergi alan AIW göteriji näsaglaryň barlaglarynyň netijelerine syn geçiren şwed alymlary habar berdiler. Netijeler barlanýanlaryň 10%-iň oňurga beýnisiniň suwuklygynda, bejergi geçirlenine garamazdan wirusyň yzlarynyň saklanandygyny äşgär etdi. Ondan başga-da, alymlar 15 sany näsagyň 60%-iň oňurga beýnisiniň suwuklygynda alawlama hadysasynyň saklanandygyny bellediler.

Ylmy işiň awtory, Gotenburg (Belgiýa) Uniwerstitetiniň lukmany Arwid Edeniň gürrüň bermegine görä, "AIDS keselini bejermekde ulanylýan derman serişdeleri wirusyň köpelmeginiň öňüni alsa-da, barlaglaryň görkezişi ýaly, wirus beýnide hem mesgen tutup, doly bejergi geçirilmese ony zeperlemäge ukyplydyr. Beýni derman serişdelerini erbet geçirýän goraýjy barda bilen örtülen bolansoň, wirusa garşy geçirilýän bejerginiň gidişinde bökdençlik döräp biler. Bu bolsa, beýniniň bejergi geçirmekligi kyn bolan, wiruslary ýygnaýjy özboluşly ojak bolup durýandygyny aňladýandyr".

Geçirilen ylmy işiň netijeleri AIDS keselli näsaglary bejermek üçin derman serişdeleri döredilende, wirusyň oňurga we kelle beýnide saklanyp galma mümkinçiliginiň bolup biljekdigini göz öňüne tutmalydygyny görkezýär.

  • 2969 gezek okalan