YLMY BARLAGLAR WE SAGLYK ULGAMYNDAKY ÝARAMAZ TEJRIBELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (16 Ses)

Ýokanç keselli näsaglary jemgyýetden daşlaşdyrmak, kowmak, olary masgaralamak, olary azatlykdan mahrum etmek saglyk ulgamyndaky ýaramaz tejribeler diýlip hasaplanylýar. Şunuň ýaly çemeleşme geçen döwürlerde, taryhda köpçüligiň saglygyny goramak uçin ulanylan netijeli usullar hasaplanypdyr. Penn State barlaglar uniwerstitetiniň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, bu usullaryň biziň döwrümizde ulanylmagynyň adamlara we jemgyýete edýan zyýanly täsiri peýdasyndan has köp bolup durýandyr.

Geçen zamanlarda adam jemgyýetden, bir topardan kowlan wagtynda dürli sebäplere görä çalt ölüpdir – iýmit ýetmezçilikden ýa-da ýyrtyjy haýwanlaryň pidasy bolupdyr. Toparlar biri-biri bilen aragatnaşykda bolmandyrlar, şonuň üçin hem bir topardan kowlan adam başga topar tarapyndan kabul edilmändir. Şeýle usul bilen ýokanç kesellerden goranmak adamzadyň irki dowrüniň aragatnaşyk kadalaryna laýyk amatly bolupdur.

"Hazirki döwürde biz bäşga toparlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolup durýarys, syýahaty kän edýaris, şonuň ýaly-da adamlaryň sany has köpeldi. Şunuň ýaly hasiýetli aragatnaşyklarda näsagy jemgyýetden daşlaşdyrmak netijesiz çemeleşme bolup durýar we kän kynçylyklary döredýär" – diýip barlagçylaryň toparynyň agzasy Reýçil Smif belleýär.

Näsaglary masgaralamak, jemgyýetden daşlaşdyrmak ýokanç keselleriň öňüni alma babatda alnyp barylýan işleri erbetleşdirýär. Näsaglar gorky astynda bejergi gözlemegini we almagyny taşlaýarlar. "Keselliler bejergi alman, hiç zat bolmadyk ýaly öz gündeki işleri bilen meşgullanýarlar" diýip barlagçylar nygtaýarlar. Jemgyýetden daşlaşdyrmak näsagyň keseli ýeňip geçmek ukybyna zyýan etirýär. Stressyň ýokarlanmagy bilen bedeniň kesele we ýokançlyklara garşy göreşmek ukyby peselýar.

Haçan-da adam hiç haçan ýokanç kesel bilen syrkawlamadygam bolsa, bir gezek ýalňyşlyk bilen aýplananda (ýalňyşlyk bilen kesel ýöňkelende), emele gelen tagmany aýyrmak juda kyn düşýär. Barlagçylaryň bellemegine görä köpçülik bilen iş alyp barýan saglyk ulgamynyň işgärleri öz işinde ulanýan resmi lukmançylyk kagyzlarynyň, kitapçalarynyň mazmunyny elmydama barlap durmaly. Resmi kagyzlar näsagy jemgyýetden daşlaşdyrýan, onuň mertebesini peseldýän äheňdäki habarlary saklamaly däldir. Adamda ýokanç kesel anyklanaýan ýagdaýyndada, näsagyň hususy lukmançylyk kitapçasy lukmançylyk işgärlerinden başga adamlara elýeterli bolmaly däldir.

Ulanylan çeşme

  • 2606 gezek okalan