MIGRANTLAR WE HUKUK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (14 Ses)

"Meni hem hasap etme bilen 232 million
adam öz gelip çykan ýurdunyň daşynda ýaşaýarlar".

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun.

18-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Migrantlaryň Halkara güni bellenilip geçilýär. Bu gün her bir jemgyýetde iki sany esasy meseleleriň üstünde durup geçmek uçin mümkünçilik döreýär: millionlarça migrantlaryň Watanlaryna we göçüp baran ýurtlarynyň ykdysadyýetine edýän goşantlary barada gürrüň açmak we jemgyýetiň olaryň hak-hukuklary baradaky düşünjelerini artyrmakdyr.

Halkara migrantlaryň sany dünýäde 2000-nji ýylda 175 million adamdan, 2013-nji ýylda 232 million adama çenli ýetdi. Içki migrasiýany düzýän (ýurduň içindäki bolup geçýän migrasiýa) adamlaryň sany 740 milliona golaý migrantlara barabardyr. Şu döwürde migrasiýa dünýäniň kän ýutrlarynda giňden ýaýran ýagdaý bolup, maglumatlara görä her onunjy migrantyň ýaşy 15 ýaşdan kiçi bolup durýandyr.

Globallaşan dünýäni häsýetlendirýan deňsizlik, ýokary taýynlykly hünärmenleriň ýetmezçiligi, klimatyň üýtgemegi, ýkdysady we syýasy kynçylyklar, tebigy we adam tarapyndan döredilen betbagtçylyklaryň döwründe migrasiya ýaýbaňlaşýar we ýokarlanýar. Ilatyň sanyny artdyrmakda, ýokary derejeli taýynlanan, ukyply hünärmenleriň ýetmezçiligini gowulandyrmakda, Watanyndaky garyndaşlaryna maliýe komegini bermek meselelerini çözmekde migrasiýanyň orny uly bolup durýandyr. Migrantlaryň çykan ýurduna we mesgen tapan ýurtlaryna peýda getirýändigini, ýurduň ykdysadyýetine we sosial ýagdaýynyň gowulaşmagy üçin goşant goşýandygyny bellemelidir.

Biziň hem ýurdumyzda globallaşmak hadysalarynyň, halkara gatnaşyklaryň, transport aragatnaşygynyň ösmeginiň netijesinde, başga ýurtlara gitmegi isleýän we gidip bilýan ildeşlerimiziň sany artýar. Migrasiýa çykan adamlar ilatyň dürli gatlaklaryndan (işçiler, başga ýurtlarda gaçybatalga alan adamlar, talyplar, resmi petekleru bolmadyk migrantlar we baş.) bolup, her bir sosial gatlagyň dürli saglyk ýagdaýy, saglygy saklaýyş ulgamynyň hyzmatlaryna mätaçligi, gorawsyzlyk derejesi bolup durýar. Keselleriň, ýaramaz saglyk ýagdaýlaryň esasy sebäpleri hem ýaramaz iýmitlenmek, lukmançylyk kömegini almak uçin maliýe ýagdaýynyň bolmazlygy, garyplyk, kän adamlaryň üýşen ýerlerinde ýaşamagyň we sanitariýa kadalarynyň berjaý edilmezligiň netijesinde ýaýraýan ýokanç keseller bolup durýandyr. Başga-da esasy täsir ediji faktorlara täze ýurduň medeniýetinden, durmuşyndan habarsyzlyk, baran ýurdunyň raýatlyk hukuklarynyň bolmazlygy, dil bilmezlik, howply iş ýagdaýlary we olaryň adam saglygyna edýän ýaramaz tasirini degişli edip bolar. Göwünçokgünlik, gamgynlylyk migrant ýaş adamlaryň arasynda giňden ýaýran ýagdaý bolup, onuň hem esasy sebäpleri höküminde dörän ýekeligi, sosial gorawsyzlygy, dowamly stress we ýaramaz maddy ýagdaýlary belläp bolar. Şunuň ýaly, çykgynsyz bolup görünýän kyn ýagdaýlarda erkek oglanlaryň käbiri neşe serişdelerinden haraý gözlese, aýal-gyzlar jelepçilik bilen meşgullanmakda çykalga tapmaga ymtylýarlar.

Ulanylan Web Salgylar: 1 / 2

  • 3443 gezek okalan