31-nji MAÝ – ÇILIMKEŞLIGE GARŞY GÖREŞ GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (13 Ses)

Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni bellenilip geçilýär. Bu sene 1987-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan yglan edildi. BSGG çilimkeşligiň gelin-gyzlaryň saglygyna ýetirýän zyýanyna aýratyn ähmiýet berip, şu ýyl Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günini "Gelin-gyzlar üçin aýratyn ähmiýetlilik" diýen şygar astynda belleýär. BSGG bu senäni belläp geçmek bilen, öz Çarçuwa konwensiýasyna laýyklykda çilimkeşlige garşy göreşmegiň amaly usullary teklip edýär.

Adamlaryň ölmegine sebäp bolýan keselleriň içinde çilimkeşlik zerarly döreýän keseller ikinji orunda durýandyr (birinji orunda ýokary gan basyşy durýar). Çilimiň tüssesinden diňe ony çekýänler däl, eýsem ondan dem alýanlar-da ölüp bilýär. BSGG-niň hasaba alyş gullugynyň maglumat bermegine görä, häzirki wagtda erkekleriň 65%-i, aýallaryň 30%-i çilim çekýär. Bu erkekleriň 80%-i, aýallaryň 50%-i çilimi ýetginjeklik döwründe çekip başlapdyrlar.

Siz çilim tüssesinden dem alanyňyzda näme bolýar?

Siz çilim tüssesini içiňize çekeniňizde ýa-da gapdalyňyzda çilim çekýäniň tüssesinden dem alanyňyzda, tüsse siziň dem alyş ýollaryňyzdan (burun, agyz, bokurdak, bronhlar)  geçip, ondaky nemli gatlagy gyjyndyrýar. Bu bolsa olaryň sowuklamagyna sebäp bolýar. Çilimiň tüssesinde 400 000-den gowrak aktiw himiki birikmeler (formaldegid, benzol, myşýak we başg.) bolup, olaryň köpüsi örän zäherlidirler. Çilimiň tüssesi öýkene aralaşyp, onuň alweolarynda şepbik görnüşinde çökýär. Bu şepbik maddalar limfodüwünlerde toplanyp, çilimkeşiň öýkenini gara reňke boýaýar. Bu şebpik maddalar alweolardaky damarlar arkaly gana düşüp, öz düzümindäki zäheri gana geçirýär. Uglerodyň oksidi ganyň düzümindäki kislorody gysyp çykarýar. Netije-de, ganyň düzümindäki kislorodyň mukdary kemelip, tutuş organizm kislorod ýetmezçiligine sezewar edilýär. Bu ýagdaýdan ilki bilen beýni we ýürek ejir çekýär.

Çilim tüssesini düzýän nikotin alkaloiddir. Ol temmäkiniň 2%-i düzýär. Ol adamyň nerw ulgamyna täsir edýär. Köp mukdardaky nikotin ysmaz keseline, ýagny dem alşyň we ýürek urmasynyň  togtamagyna uçradyp bilýär. (Bir damja nikotin daýaw aty öldürýär diýen jümler hem şundan dörändir). Nikotin organizme täsir etmek bilen, öz mukdarynyň artdyrylmagyny talap edýär.

Ýöne çilimkeş diňe öz saglygyna zyýan ýetirmeýär. Ol daş-töweregindäki adamlaryň hem nikotinden ejir çekmegine sebäp bolýar. Bu aýratyn-da zenanlar we çagalar babatda howpludyr. Sebäbi çagalar biziň gelejegimiz, zenanlar bolsa çagalary dünýä indirýärler. Şonuň üçin-de, eý, çilimkeşler, zenanlary we gelejegimiz bolan çagalary zäherlemäň, öz oturan agajyňyza palta urmaň!

Çilimkeşlik we keşp

Çilimkeşlik adamyň daşky keşbine zyýan ýetirýär. Çilimkeşiň dişleri we derisi sargylt öwsüp başlaýar. Onuň ýüzüni gasynlar torjagazy büreýär. Muňa lukmançylykda „çilimkeşiň ýüzi” diýilýär. Çilimkeşiň daş keşbine sagdyn diýip bolmaýar. Ol ýaşyndan uly we keselbent görünýär.

Çilimkeşlik we ýürek

Nikotin ýürek keselleriniň döremegine giňden sebäp bolýar. Ýüregiň işemiýa keseli, infarkt, beýnä gan dykylma keseli — bularyň bary çilimkeşiň "ýaranlarydyr".

Çilimkeşlik we rak

Çilimiň tüssesi bilen galtaşýan organlar: öýken, bokurdak we agyz rak keseline uçrap bilýärler. Çilimiň tüssesi gan arkaly tutuş beden ýaýraýandygy sebäpli, rak keseli beýleki organlarda hem döräp bilýär. ABŞ-nyň alymlarynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda Ýewropanyň ösen ýurtlarynda we Orsýetiň uly şäherlerinde süýt mäziniň we öýkeniň rak keselinden ýogalýanlaryň sany barha artýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, muňa ulaglaryň we çilimiň tüsseleri sebäp bolýar. Ulaglaryň we çilimiň çykarýan tüsseleri biziň gurşawymyza diýseň uly zyýan ýetirýär.

Çilimkeşlik we keseller

Alymlaryň tassyklamagyna görä, çilimkeşlik şu keselleriň döremegine sebäp bolýar: aşgazanyň baş keseli, dowamly bronhit, ateroskeleroz, endoarteriit, ýokary gan basyş, rak, ýürek keselleri…. Bu sanawy dowam etseň edibermeli. Çilimkeşlik erkeklerde jyns ejizliginiň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Çilimkeşlik zenanlarda çaga düşmeleriniň döremegine, göwrelilik akymynyň kynalmagyna sebäp bolýar. Çilimkeşlik çagalaryň akyl taýdan pes, beden taýdan gowşak bolmagyna sebäp bolýar.

Çilimkeşlik we tolgunmalar

Nikotine endik eden organizmiň nerw ulgamy elmydama dartgynly ýagdaýda bolup, nikotiniň mukdaryny barha artdyrylmagyny talap edýär. Nikotine garaşly bolan çilimkeş kyn durmuş ýagdaýlarynda çilimsiz oňup bilmeýär, ähli ünsüni işe gönükdirip bilmeýär. Bu bolsa dartgynlylagyň has-da dartgynlaşmagyna eltýär. Şonuň üçin-de, çilimiň dartgynlylygy aýyrýandygy toslamadyr. Ol dartgynlylygy ilkibaşda aýyrýan ýaly bolup görünse-de, organizmi öňküsinde-de erbet ýagdaýa salýar.

Çilimkeşleriň mukdary

Orsýetde uly ýaşly ilatynyň 50%-i çilim çekýär. Orsýetde her ýylda 100000 adam çilimkeşlik zerarly aradan çykýar. Alymlaryň hasaplamagyna görä, biziň günlerimizde ýer ýüzünde çilimkeşleriň mukdary milliarda golaýdyr. Çilimkeşlik zerarly her ýylda 3 500 000 adam aradan çykýar. Ýigrimi ýyldan bu pidalaryň sany 10 000 000 ýeter diýen çaklamalar bar.  

Siz çilim çekmegi taşlanyňyzda...

... 20 minutdan – soňky çilimden soň siziň gan basyşyňyz kadalaşar, ýüregiňiz işi gowulanar, aýalaryňyzdaky we dabanlaryňyzdaky gan aýlanyşygy kadalaşar.

8 sagatdan – ganyň düzümindäki kislorodyň mukdary kadalaýyk derejesine ýeter.

2 gije-gündizden – tagam we ys biliş ýagdaýyňyz oňatlaşar

bir hepdeden – ýüzüňiziň reňki durlanyp başlar, deriňiziň, saçyňyzyň ýakymsyz ysy aýrylar.

bir aýdan – dem alşyňyz kadalaşar, ýadawlygyňyz, kelleagyryňyz, ertirine biynjalyk edýän üsgelewügiňiz aýrylar.

ýarym ýyldan – damar urşuňyz kadalaşar, sportdaky netijeleriňiz ýokarlanar. 

1 ýyldan – ýüregiň koranar keseliniň döremek howpy iki esse azalar. 

5 ýyldan – öýken ragyndan ölmek howpy düýpli kemeler.      

 

Çilim çekmegi taşlamak üçin 9 maslahat:

  • 1. Çilim çekmegi taşlamagy ýüregiňize berk düwüň. Öz gelejegiňiz we ýakynlaryňyz barada pikir ediň. 

  • 2. Çilim çekmegi taşlajak günüňizi belläň. Şol güni çilim çekmegi taşlap, ös sözüňizde durup bilýändigiňizi subut ediň! ("Müň adamy ýeňen däl-de, özüni ýeňmegi başaran güýçlüdir") Ýöne bu güni gaýra goýmaň. Ol näçe tiz bellenilse, şonça-da oňatdyr.

  • 3. Sizi çilime ymtyldyrjak zatlary öýüňizden aýryň: öýdäki çilimleriň ählisini zyňyň .

  • 4. Çilim çekmek endigiňizden doly saplanýançaňyz, çilimkeşleriň  üýşýän ýerlerine barmajak boluň.

  • 5. Adatça çilime sarp edýän puluňyzy bir ýere ýygnaň. Şonda siz çilimkeşligiň maşgala byujetine ýetiren zyýanyny äşgär görersiňiz.

  • 6. Çilim çekmäge höwes döräp başlanda sakgyç çeýnäň ýa-da narpyzly süýji iýiň. 

  • 7. Çilim almagyň deregine miwe suwlaryny satyn alyň, suwy köpräk içiň. Suwuklyk adamyň organizmini arassalaýandyr. 

  • 8. Öz ýagdaýyňyza laýyklykda beden maşklary bilen meşgullanyň. Siz öz saglygyňyzy gowulanýandygyny derrew görersiňiz

  • 9. Çilimi mahabatlandyrýanlaryň "çeňňegine" ilmäň, olara özüňizi aldatmaň, maşgala puluňyzy olaryň jübüsine salmaň! Olar muny öz gara nebislerinden, adamlaryň saglygyna bolan äsgermezçilikden edýändikleri ýadyňyzda bolsun.

Gudrata garaşmaň— hereket ediň!

  • 4902 gezek okalan