AMERIKAN ALYMLARYNYŇ PIKIRINE GÖRÄ, GAZLANDYRYLAN SÜÝJÜLI IÇGILER BEDEN ÖÝJÜKLERINIŇ GARRAMAGYNA GETIRÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Amerikan alymlarynyň pikirine görä, gazlandyrylan süýjüli içgiler beden öýjükleriniň garramagyna getirýär.

Alymlaryň düşündirmegine görä, "telomer" diýip atlandyrylýan, hromosomlaryň uçlarynyň ýelmeşmeginden goraýan bölekler öýjükleriň her bölünmesi bilen gysgalýarlar. Ondan başga-da, telomeriň uzynlygy adamynyň biologiki ýaşyna bagly bolup, garrama getirýän faktorlaryň biri bolup durýandyr. Barlaglar hetijesinde gazlandyrylan süýjüli içgileri kadaly we uly mukdarda kabul edýän adamlarda, içgileri içmeýän adamlar bilen deňeşdirlende, olaryň gysga bolýandygy anyklanyldy.

Täze barlaglaryň gidişinde, alymlar süýjüli içgileriň täsirini süýji keseli we ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekmeýän, 20-65 ýaş aralygyndaky 5309 meýletinçilerde öwrendiler. Barlaglar her gün 2,5 stakan gazlandyrylan, süýjüli içgileriň telomerleriň gysgalmagyna getirýändigini we biologiki ýaşyň goşmaça 4,6 ýyla köpelýändigini äşgär etdi. Şeýle netijeler çilimkeşligiň täsiri bilen deňeşdirilip, telomeriň uzynlygyny kadaly saklamaga fiziki işjeňligiň ýaramly täsir edýändigi aýdylýar.

Ekspertler iýmit faktorynyň telomerleriň gysgalmagyna ýa-da uzalmagyna edýän täsirine düşünmegiň wajypdygyny belleýärler. Barlaglaryň netijeleri adam bedenine gazlandyrylan süýjüli içgileriň edýän täsiri barada täze maglumatlary goşarlar.

  • 1491 gezek okalan