BMG-YŇ SAGLYGY GORAÝYŞ AGENTLIGI ÖZ-ÖZÜŇE KAST ETMEGIŇ ÖŇÜNI ALMAGYŇ ÇÄRELERI HAKYNDA TAÝYNLAN BIRINJI ULY ÇYKYŞYNDA, ÖZ-ÖZÜŇE KAST ETME ÝAGDAÝLARYŇ 75%-IŇ PES ÝA-DA ORTA GIRDEÝJILI ÝURTLARYŇ ADAMLARYNYŇ ARASYNDA BOLUP GEÇÝÄNDIGINI BELLÄP GEÇDI.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Birleşen Milletler Guramasynyň saglygy goraýyş agentligi öz-özüňe kast etmegiň öňüni almagyň çäreleri hakynda taýynlan birinji uly çykyşynda, öz-özüňe kast etme ýagdaýlaryň 75%-iň pes ýa-da orta girdeýjili ýurtlaryň adamlarynyň arasynda bolup geçýändigini belläp geçdi. Ekspertler öz-özüňe kast etmegiň derejesini dünýä boýunça peseltmek üçin köp işleriň amala aşyrylmagynyň zerurlygyny nygtaýarlar.

Çykyşda öz-özüňe kast edilmeginiň bütün dünýä boýunça, dürli ýaşlarda ýüze çykýandygy bellenilýär. Dünýäde özüňe kast edilmegiň iň ýokary derejesi 70 ýaşdan uly adamlaryň arasynda hasaba alyndy. Bu ýagdaý boýunça ikinji ýokary dereje 15-29 ýaş aralygyny öz içine alýandyr.

Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Margaret Çeniň aýtmagyna görä, bu çykyş aýdylmaga uzak wagt gadagan edilen, saglygy goraýşyň uly bir kynçylykly meselesini çözmäge çagyryş bolup durýandyr.

  • 1525 gezek okalan