BARLAGÇYLARYŇ BELLEMEGINE GÖRÄ, GARTAŞAN ÝAŞYNDA IŞJEŇ BOLUP GALAN ADAMLAR, BEÝNINIŇ SAGLYGYNY, ONUŇ AK MADDASYNYŇ AZALMAGYNYŇ ÖŇÜNI ALYP GOWULANDYRYP BILERLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Ak madda beýni öýjükleriniň süýüm böleklerinden ybarat bolup, ol beýniniň dürli bölümleriniň arasynda aragatnaşygy üpjün etmäge ýardam berýändir. Barlaglara 60-78 ýaş aralykda bolan 88 adam gatnaşdy. Olaryň hemmesi sag. Synalýan adamlardan bir hepdäniň dowamynda olaryň hereketjeňlik derejesini öwrenmek maksady bilen akselerometrleri götermegi haýyş etdiler. Gartaşan adamlara bir hepdäniň dowamynda 150 minutdan az bolmadyk orta derejedäki fiziki agramly işleri amala aşyrma ýa-da 75 minudyň dowamynda maşklary etme maslahat berilýär.

Şonuň ýaly-da, ak maddanyň gurluşyny öwrenme maksady bilen, alymlar meýletinçileriň beýnisini tomografiýa barlagyndan geçirdiler. Barlaglar adamlaryň orta we ýokary fiziki agramlylygy näçe köp geçirişine baglylykda, şonça hem beýnileriniň ak maddasynyň az şikeslenendigini görkezdi.

Ekspertleriň bellemegine görä, täze barlaglar fiziki işjeňligiň artmagynyň we oturymly ýaşaýyş düzgüninden ýüz döndürilmeginiň beýniniň saglygyna peýdaly bolup durýandygyny görkezdi.

  • 1378 gezek okalan