KARNEGI-MELLON INSTITUTYNYŇ ALYMLARY, ÝYGY GEÇIRILÝÄN JYNSY GATNAŞYKLARYŇ MAŞGALA GATNAŞYKLARYNYŇ GOWŞAMAGYNA GETIRIP BILÝÄNDIGI BARADAKY NETIJELERE GELDILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Barlaglara 35-65 ýaş aralykdaky 64 sany maşgala jübütleri gatnaşdylar. Hemme jübütleri iki toparlara böldüler. Birinji topara jynsy gatnaşyklary her gün geçirýän maşgala jübütleri, ikinji topara bolsa hepdede bir gezek ýa-da ondan hem seýrek jynsy gatnaşygy geçirýän jübütler degişli edildi.

Sorag etmeler, jynsy gatnaşyklary ýygy geçirýänler bilen deňeşdirlende, ikinji topardaky jübütleriň has berk maşgala gatnaşyklary alyp barýandygyny aýan etdi. Jynsy gatnaşyklaryň juda ýygy geçirilmegi jübütleriň çalt biri-birine öwrenişmegine we özara gyzyklanmanyň, syrlylygyň ýitip gitmegine getirip bilýär.

Şonuň bilen birlikde hem, Kembridž Uniwersitetiniň barlagçylary, Internetiň döremegi bilen adamlaryň jynsy gatnaşyklarynyň seýrekleşendigini subut etdiler. Meselem, ortaça alanyňda jübütler bir aýda 3 gezek är-aýal gatnaşyklaryny ýerine ýetirýärler. 2000-nji ýylda bu görkeziji 4 jynsy gatnaşyga deň bolsa, 1990-njy ýylda bäşe deň boldy. Ykjam tehniki enjamlar we sosial ulgamlar gürrüňleşmeler üçin hem wagt goýmaýarlar.

  • 1849 gezek okalan