GARWARD UNIWERSITETINIŇ ALYMLARYNYŇ PIKIRINE GÖRÄ, ADAMYŇ ÖZÜNI HEMIŞE BAGTLY DUÝMAGY ÜÇIN OŇA KADALY SYÝAHAT ETMEK ÝETERLIKDIR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Garward Uniwersitetiniň alymlarynyň pikirine görä, adamyň özüni hemişe bagtly duýmagy üçin oňa kadaly syýahat etmek ýeterlikdir. Onuň üçin hökman daşa ýollanma hökman bolman, goňşy şäherlere gitmek hem bolar.

Barlagçylar "Adamyň özüni hemişe bagtly duýmagy üçin näme etmeli?" diýen soragyň üstünde ýedi ýylyň dowamynda, Cancer Research iňlis merkezinden bolan kärdeşleri bilen işlediler.

Görlüp oturylsa, onuň ýönekeý usuly bar ekeni. Syýahat etmek – adamyny bagtly edip biljek esasy şertleriň biri bolup durýar. Onuň üçin aýda iki gezek, hepdäniň ýekşenbe günleri maşgalaňyz ýa-da dostlaryňyz bilen öýden çykma ýeterlikdir. Esasy göz öňüne tutmaly şertleriň biri – siz öň görmedik ýerleriňize baryp görmelisiňiz.

Bagtlylyk duýgusy öz gurşawyňyzy täzeleme mümkinçiliginden, täze duýgulary we bilimleri, maglumatlary almakdan döreýändir. Ýöne siziň syýahat etmeleriňiz bir aýda iki gezekden ýygy bolsa, duýgular kütelişip, bagtly bolmagyň bu usuly öz güýjüni ýitirýändir.

  • 1530 gezek okalan