RIAS ÄTIÝAÇLANDYRYŞ KOMPANIÝASYNYŇ GEÇIREN BARLAGLARY, GARTAŞAN ADAMLAR BILEN DEŇEŞDIRLENDE, ÝAŞ ADAMLARYŇ ÝARAWSYZLYK HATLARYNY IKI ESSE KÖP ALÝANDYKLARYNY GÖRKEZDI.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Resminamalaryň derňewi, geçen ýyl boýunça 50 ýaşdan uly işgärleriň 25%-iň we 20-29 ýaş aralygyndakylaryň 50%-iň ýarawsyzlyk kagyzlaryny alandyklaryny äşgär etdi. Şeýle-de, uly ýaşly kärdeşler ol diýen çynlakaý hasaplanmaýan keseller, meselem, dümew sebäpli iş ýerlerini seýrek goýup gidipdirler. Ýarawsyzlyk kagyzyny alan halatlarynda hem, işe basym dolanyp gelipdirler. Diňe 50 ýaşdan uly on sany işgäriň birine, 20-39 ýaş aralygyndaky işgärleriň 50%-i bilen deňeşdirlende, ýarawsyzlyk kagyzy bolmaly wagtyndan uzak açylypdyr.

Şeýle-de, barlagçylaryň kesgitlemegine görä, 20-39 ýaş aralygyndaky işgärleriň 30%-i ýarawsyzlyk hatlaryna, özleriniň mynasyp bolan, dynç alyş rugsadyna goşmaça günleri höküminde garapdyrlar. Ýaşlaryň 44%-i we 50 ýaşdan uly işgärleriň diňe 12%-i özlerini ýalandan näsag yglan edipdirler. Aldamalaryň esasy sebäpleri höküminde alkogol içgileri kabul etmekden soňky dörän näsaglygy, kärdeşi bilen duşuşma isleginiň bolmazlygyny belleseler, aglaba bölegi aşa ýadawlyk sebäpli irden oýanyp bilmezlik kynçylygyny aýdypdyrlar.

Ekspertleriň bellemegine görä, uly ýaşly, gartaşan adamlar, ýaşlara garanyňda, öz iş ýerlerini ýitirmejek bolup has çynlakaý aladalanýarlar. Başga barlagyň görkezmegine görä, 50 ýaşdan uly adamlaryň milliondan gowragyny öz islegi bolmazdan, işden gitmäge mejbur etdiler.

  • 1382 gezek okalan