ENE SÜÝDÜNIŇ HAS DOWAMLY ULANYLMAGY ÇAGANYŇ SAGLYGYNA ÝARAMAZ TÄSIR EDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Şwed-hytaý barlagçylaryň bilelikde geçiren barlaglary, ene süýdi bilen çaganyň bir ýyldan dowamly iýmitlendirilmeginiň, içege mikroflorasynyň (içegedäki peýdaly bakteriýalar düzümi) emele gelmeginde kynçylyklary döredip biljekdigini görkezdi.
Alymlar işege mikroflorasynyň işjeňligine baha bermek maksady bilen, ýaňy doglan çagalaryň we olaryň 4 we 12 aýlyk ýaşdaky täredini alyp öwrendiler. Ýörite barlaglar täretde 4 müňden hem köp bakteriýalaryň genomyny ýüze çykarmaga kömek etdi.

Hünärmenleriň adaty ýagdaýda doglan çagalaryň içegelerindäki bakteriýalarynyň arasynda, işjeňligi netijesinde ene süýdünde gandy bölüp bilýän maddalary çykarýan görnüşlerini ýüze çykardylar. Çaga ulaldygyça, has takygy bir ýaşdan soň, krahmaly, pektinleri we başga çylşyrymly uglewodlary bölüp bilme başarnygy ýüze çykýar. Ýöne bu dörän fiziologiki başarnyk, ene süýdi bilen iýmitlendirme dowam edýänçä, doly göwrümde işläp bilmeýär. Şunlukda, goşmaça iýmitlenme berlip başlanansoň, ene süýdi çaganyň içege mikroflorasynyň kadaly emele gelmeginde bökdençlik döredýär.

Ekspertler ene süýdüniň çaganyň immunitetiniň bekeşmeginde esasy we wajyp orny eýeleýändigini ýatladýarlar. Ýöne ony juda uzak ulanmaly däl, çünki bir ýaşynda çaga ene süýdi bolmazdan hem, ýaramly we ýokumly iýmitlenmäge ukyplydyr.

Çagalara gözegçilik etmek dowam etdirilýär. Alymlar çagalaryň ýaşyna görä içege bakteriýalarynyň düzüminiň üýtgeýşini öwrenmegi we sag hem-de näsag çagalaryň içegeleriniň mikroflorasyny deňeşdirmegi meýilleşdirýärler.

  • 1513 gezek okalan