GEÇIRLEN BARLAGLAR, IŞJEŇLIGI ÝOKARLANDYRMAK ÜÇIN KABUL EDILÝÄN KOFE BILEN DEŇEŞDIRLENDE, GARA ŞOKOLADYŇ HAS NETIJELI KÖMEK EDÝÄNDIGINI GÖRKEZDI.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Köp adamlar gündiz döreýän ukyçyllyk ýaly kynçylyk bilen göreşmeli bolýarlar. Adatça şeýle ýagdaýlarda kofe ulanylýan bolsa hem, Demirgazyk Arizona Uniwersitetiniň amerikan barlagçylarynyň tassyklamagyna görä, bu kynçylykdan halas bolmak üçin gara şokolad has hem gowy kömek etmeli.

Barlaga 18-25 ýaşly 122 sany meýletinçi gatnaşdy. Synlanýanlar hökmany tertipde düzüminde ýokary mukdarda kakao (60% az däl) saklaýan şokolad kabul edýärdiler ýa-da olara şokolada meňzeş önüm berilýärdi. Hünärmenler şokolad kabul etmezden bir sagat öň we soň meýletinçilerde elekrtoensefalografiýa barlagyny geçirdiler. Şeýle-de, gan basyşy ölçelip, adamynyň ruhy ýagdaýy kesgitlendi.

Barlaglaryň netijeleri, kofe içgisi bilen deňeşdirlende, şokoladyň has çalt ukudan açyp, şähtiň ýokarlanmagyna, beýniň işjeňliginiň tijendirilmegine ýardam berýändigini aýan etdi.

Barlaglaryň netijelerine esaslanyp, ekspertler gündiz ukysy tutup, işläp bilmeýän adamlara, gara şokoladyň azajyk bölegini kabul etmegi maslahat berýärler. Ylmy işiň netijeleri NeuroRegulation žurnalynda çap edildi.

  • 1567 gezek okalan