1-nji IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.81 (21 Ses)

Eger tomsuň birinji güni bize günüň ýakymly şöhlelerini peşgeş beren bolsa, bu gün bize iki esse şatlyk eçilýär. Çünki bu gün dünýäniň hemme ýurtlarynda diýen ýaly Çagalary goramagyň Halkara güni bellenilip geçilýär. Bu çagalar üçin diňe bir şatlykly baýramçylyklaryň biri bolman, eýsem çagalaryň hemişe goraga we alada mätäçdigi hem-de ulularyň olar babatda jogapkärçiligi duýmalydygyny ýatladýan seneleriň biridir.

Çagalary goramagyň Halkara güni, çagalary uruşlardan goramaga yglan edilen göreşe, olaryň saglygyny goramaga we demokratiki esasda olaryň terbiýesiniň hem-de biliminiň berilmeginiň alyp barylmagyna dünýä jemgyýetçilikleriniň ünsüni çekmekdir.

Çagalary goramagyň Halkara güni Aýallaryň Halkara Demokratiki Federasiýasynyň sessiýasynyň çözgüdi esasynda 1949-njy ýylda yglan edildi. Ol birinji gezek sene höküminde 1950-nji ýylda bellenilip geçildi.

Bu gün diňe bir çagalaryň şadyýan baýramçylyk bellemelerinden ybarat bolman, eýsem abadançylykly we adalatly jemgyýeti döretmegiň esasy şerti höküminde, çaganyň hukuklaryny goramagyň hem-de sylamagyň zerurlygy barada jemgyýete ýatlatmakdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Fondunyň geçiren sorag etmelerine görä, çagalaryň ýarysy diýen ýaly, fiziki we ruhy kemsitmeler adaty ahwalat ýaly bolup hasaplanýan maşgalalarda ýaşaýarlar. Her onunjy çaga bolsa ulularyň zulumlygynyň pidasy bolýar.

Dürli ýurtlarda çagalar dürli howplara sezewar bolýarlar. Eger ösen Amerikada çagalar telewizion gepleşikleriň berýän ýaramaz täsirleriniň pidasy bolýan bolsalar, Afrika we Aziýa ýurtlarynda olara açlyk, AISD, harby çaknyşyklar we sowatsyzlyk howp salýar. Ösýän ýurtlar bilen deňeşdirlende, ösmede yza galýan döwletlerde çaga ölümçiligi iki esse diýen ýaly ýokarydyr.

  • 3386 gezek okalan