ALYMLAR JYNSY GOWŞAKLYGY BEJERMEGIŇ USULLARYNYŇ ÜSTÜNDE IŞLEÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

40 ýaşdan 70 ýaşa çenli erkek adamlaryň 50%-i jynsy gowşaklygyň dürli derejelerinden ejir çekýärler. Jynsy gowşaklyk (impotensiýa) dürli sebäplere görä döreýän hem bolsa, gan damarlarynyň zeperlenmesi bilen häsiýetlendirlýän ateroskleroz – olaryň arasynda iň giňden ýaýranydyr. ABŞ geçirlen barlaglar, ýürek üçin ulanylýan stentleriň jynsy gowşaklygy bejermeke hem netijeli bolýandygyny görkezdi.

Stent jynsy hyjuw dörände, erkeklik agzanyň gan damarlaryny açyk saklap, oňa ganyň inmegini üpjün etmäge ukyplydyr. Şeýle usul, 40 ýaşdan uly erkek adamlar üçin esasy kynçylyk bolan jynsy gowşaklygy ýeňip geçmäge kömek eder.

Jynsy gowşaklykdan ejir çekýän adamlaryň çanaklyk agzalaryny gan bilen üpjün edýän gan damarlarynyň içi, ýag we holesterin ýygnanmalary netijesinde daralýar. Ekspertleriň seljermelerine görä, bu kynçylykdan ejir çekýän erkek adamlaryň 70%-den gowragynda aterosklerozyň dürli derejeleriniň ýüze çykmagy syn edilýär.

30 adam stent goýma bejergisini alyp, gaýraüzülmesiz, bildirip duran gowlanma täsirini duýdular. Barlaglar esasan derman serişdelerinden netije duýmadyk erkek adamlara gönükdirilendi. Oňa garamazdan, bejergi usulyny ulanmak üçin 383 erkek adamyň diňe 8% saýlanyp alyndy. Barlaglaryň awtorlarynyň bellemegine görä, jynsy gowşaklygy bejermegiň usuly höküminde stent goýulmagynyň giň gerimde ulanylmagyny gazanmak üçin, köp kliniki barlaglaryň geçirilmegi zerurdyr.

  • 1801 gezek okalan