TEMMÄKI ÖNÜMLERINIŇ ULANYLMAGYNYŇ ÝOKARLANMAGY, 2020 ÝYLDA BÜTIN DÜNÝÄ BOÝUNÇA 8,4 MLN. ADAMYNYŇ ÖLÜMINIŇ SEBÄBI BOLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Saglygy goraýyş ulgamynyň ekspertleriniň aýtmagyna görä, temmäki önümleriniň ulanylmagy sebäpli bolup biljek ölümçiligiň 70%-i ösüp barýan ýurtlaryň paýyna düşer.

Bu görkezijiler, temmäki önümleri sebäpli döreýän keselleri, dünýäde öňüni alyp boljak kesellere degişli edip boljakdygyny görkezýär. Ýaşaýyş endikleriniň üýtgemegi sebäpli, soňky ýyllarda çilim çekýän aýallaryň sany 20% ýokarlandy. Ondan başga-da, ýetginjekleriň arasynda çilim çekýänleriň sany barha köpelýär.

Häzirki wagtda, temmäki önümlerine garaşly bolma endigi demgysma, gan basyşyň ýokarlanmagy ýaly dowamly geçýän beden keselleri bilen bir hatarda goýulýar.

Çilimkeşlik – köräp duran temmäki tüssesini sorup alma bilen häsiýetlendirilýän ýaramaz endikdir. Temmäki tüssesi diňe bir çilimkeşiň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem töweregindäki adamlara (passiw çilimkeşlik) hem täsirini ýetirýär. Tüssäniň işjeň bölegi bolan nikotin öýkenleriň üsti bilen umumy gan aýlanşyga düşýär. Nikotinden başga-da, temmäki tüssesinde temmäki ýapraklarynyň ýanmagy we çilimiň tehnologiki taýdan işlenilmegi netijesinde döreýän maddalar saklanyp, olar gyjyndyryjy, umumy zäherleýji we howply täze döremeleri emele getiriji täsirli bolup durýandyrlar.

  • 1478 gezek okalan