ERKEK ADAMLAR AÝALLARYŇ DAŞKY SYPATLARYNY DÄL-DE, OLARYŇ AKYL GÖRKEZIJILERINI HAS ÝOKARY BAHALANDYRÝARLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Erkek adamlar aýalyň aýagynyň uzynlygy ýa-da göwüsleriniň ululygy ýaly daşky sypatlar bilen deňeşdirlende, olaryň akyllylyk görkezijilerini has ýokary bahalandyrýarlar. Kembridž uniwersitetiniň biolog-ewolýusionist alymy Däwid Beýnbridžiň bellemegine görä, erkek adamlar akylly aýalyň jogapkär we aladaçyl ene bolup, çagalaryny dogry terbiýeläp biljekdigine düşünýärler.

Alym erkek adamlaryň arasynda sorag geçirip, şeýle ugurlary kesgitledi. Erkek adamlaryň pikirine görä, uly göwüsler köplenç görnüşi boýunça deň bolmaýarlar we aýalyň ýaşy ulaldygyça öz gözelligini ýitirýärler. Ondan başga-da, köp erkek adamlar uzynlygy ortaça görkezijilere deň bolan aýal aýaklaryny oňaýly hasaplaýarlar. Aýaklaryň göni bolmagy esasy talap bolup, göni aýaklar saglygyň alamaty bolup durýarlar.

Öz gezeginde başga barlaglar, etli-ganly zenanlaryň köplenç akylly çagalary dünýä indirýändigini görkezdi. Çaganyň nerw ulgamynyň we beýnisiniň gurluşy üçin köp ýag gerek bolýar. Çaganyň beýnisi üçin zerur bolan dokozageksaýen turşulygynyň 80%-den gowragy enäniň ýag toplamalaryndan emele gelýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu ýagdaý ewolýusion nukdaýnazardan, erkekleriň näme sebäpden "eti-gany ýerinde", "tyňkyja" aýallary halaýandygyny düşündirmäge esas döredýär.

  • 1603 gezek okalan