UKYNYŇ ÝETMEZÇILIGI – IŞ ÖNDÜRIJILIGIŇ PESELMEGINIŇ IŇ ESASY SEBÄBI BOLUP DURÝAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (5 Ses)

Kembridž uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, iş öndürijiliginiň peselmeginiň esasy sebäbi – ukynyň ýetmezçiligidir. Öz gezeginde, iýmitlenme, çilimkeşlik we alkogol içgilerine ýykgyn etme, iş öndürijiligine ol diýen täsirini ýetirmeýär.

Synaglara iňlis kompaniýalarynda işleýän 21 müň sany meýletinçi gatnaşdylar. Barlaglaryň netijelerine seljerme berip, ýokary iş görkezijilerini gazanmak üçin 7 sagat dowamlylykdan az bolmadyk ukynyň zerurlygy kesgitlendi. Alymlaryň bellemegine görä, zyýanly endikler we iýmitlenme häsiýeti hiç hili täsirini ýetirmändir.

Ondan başga-da, alymlar maddy kynçylyklary bolan, psihiki bozulmalardan ejir çekýän, direg-hereketlendiriş ulgamynyň keselleri bolan we sport bilen meşgullanmaýan işgärleriň arasynda hem iş öndürijiligiň pesligini kesgitlediler. Şonuň ýaly-da, işde yzarlanýan, wagt ýetmezçiliginden kösenýän we ýakyn adamlaryna ideg edýän işgärleriň hem az öndürijilikli işleýändikleri äşgär bolsa-da, uky ýetmezçiligi bu görkezijä has güýçli täsir edýär.

  • 1501 gezek okalan