TÄZE WE HOWPLY KORONAWIRUS "MERS-COV": SORAGLAR WE JOGAPLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (18 Ses)

Häzir howp salýan MERS wirusyndan dörän birinji ölümçilik 2012 ýylyň iýun aýynda Saud Arabystanynda hasaba alyndy. Ýakyn Gündogar respirator sindromy (iňlis. Middle East respiratory syndrome – MERS) wirusynyň ýaýramagy Gündogar Koreýada täze pidalaryň döremegine getirdi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habar bermegine görä, bu Ýakyn Gündogaryň çäginden çykýan iň uly ýokançlykly ojak bolup, täze koronawirus ýakyn galtaşykda bolan adamlaryň arasynda ýaýraýandyr.

BIZ TÄZE WIRUS BARADA NÄMELERI BILÝÄRIS?

Täze koronawirus. Bu wirus koronawiruslaryň maşgalasyndan bolup, bu topara köp wiruslaryň görnüşleri, şol sanda adaty dümewi we ýiti respirator sindromyny – SARS döredýän wirus hem degişli edilýändir.

MERS wirusy adaty gigiýeniki serişdeler bilen ýok edilýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň habar bermegine görä, häzirki wagta çenli 449 adam bu wirusyň pidasy boldular.

Tebigatda ýerganatlaryň populýasiýasy bu wiruslary saklaýjylar bolup durýar. Şeýle-de, barlaglar bu wirusa bolan antitela öýjüklerini düýelerde hem kesgitlediler.

2015-nji ýylyň tomsuna keselçilik 23 döwletde, şol sanda Saud Arabystanynda, Ýemende, Birleşen Arab Emirliklerinde, Fransiýada, Germaniýada, Italiýada, Gresiýada, Tunisde, Müsürde, Malaýziýada we Gündogar Koreýada hasaba alyndy.

2015-nji ýylyň iýun aýynyň 1-ne tassyklanan keselçiligiň 1154 ýagdaýy we bu wirus bilen bagly 431 ölümçilik bilen gutaran ýagdaýlary hasaba alyndy. 2015-nji ýylyň iýun aýynyň 9-na Gündogar Koreýada 100-e golaý näsag hasaba alnyp, 10-nji iýunda gowşan habara görä olardan 9-sy öldüler.

WIRUS NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

Koronawirus adamlarda we haýwanlarda dem alyş ýollarynyň sowuklamagyna getirip, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, üsgülewik, dem alşyň kynlaşmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Ýokançlyk pnewmoniýa (öýken sowuklamasy) we böwrek komasyna sezewar edip bilýär. Häzirki wagtda kesellänleriň aglaba bölegini başga keseller sebäpli tapdan düşen erkek adamlar düzýär.

Şeýle-de, ekspertler adamlaryň belli bir toparynda keseliň alamatlarynyň gowşak geçmegini entek düşündirip bilenoklar.

BU WIRUS NÄHILI ÝOLLAR BILEN ÝOKUŞYP BILÝÄR?

Şeýle wiruslar köplenç dümewiň ýaýraýşy ýaly ýaýraýarlar. Şol sebäpli hem, lukmanlaryň bellemegine görä, bu wirus adamdan adama üsgürme ýa-da asgyrma netijesinde geçip biler. Syn etmeler bu wirusyň adamdan adama ýakyn we dowamly galtaşyk netijesinde ýokuşýandygyny aýan etdi.

TÄZE WIRUSYŇ ÝOKUŞMA DEREJESI NÄHILI?

Ilatyň saglygyny goramak Agentliginiň habar bermegine görä, wirusyň ýokuşma derejesi "örän çäkli". Eger onuň ýokuşma häsiýeti ýokary bolan bolsa, köp ýurtlara ýaýrama ýagdaýlary syn edilerdi. Häzirki maglumatlara görä, inkubasion döwri 7-14 gün dowamlykdadyr.

BU WIRUS NIREDEN PEÝDA BOLDY?

Anyk belli maglumatlar ýok. Bu bar bolan wirusyň üýtgän görnüşi (mutasiýa) bolmagy hem mümkin. Käbir täze wiruslar, haýwanlaryň ýa-da guşlaryň arasynda ýaýran wiruslardan gelip çykýar. Ol wiruslar zoonozlardyr. Beýle wiruslar bir görnüşde ýeňil, başga görnüşde bolsa agyr ýokanç keselleri döredip bilerler. Bu babatda anyk subutnamalar entek alynmadyk.

KORONAWIRUSA GARŞY NÄHILI BEJERGI GEÇIRIP BOLÝAR?

Ýokançlyk barada toplanan maglumatlaryň çäkliligi oňa garşy ýörite işläp düzülen bejergini geçirmäge mümkinçilik berenok. Bejergi esasan dem alyş ýollarynyň işini kadalaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýöne bu wirusyň beýleki wiruslara, şol sanda gepatit C garşy ulanylýan serişdelere düýgurdygy barada maglumatlar alyndy.

TÄZE KORONAWIRUSA GARŞY WAKSINA BARMY?

Ýok.

  • 3357 gezek okalan