BIR GYSYM MAŇZYŇ KADALY IÝILMEGI ÖMRÜŇ DOWAMLYLYGYNY UZALDYP BILÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Maastriht Uniwersitetine degişli golland alymlarynyň bellemegine görä, bir gysym maňzyň kadaly iýilmegi biwagt bolup biljek ölümçiligiň öňüni almaga kömek edip biler.

Barlagyň barşynda alymlar 55-69 ýaş aralygyndaky golland erkek adamlarynyň we aýallaryň durmuşyna degişli maglumatlary öwrendiler we hemme meýletinçileriň ýaşaýyş düzgünini we iýmitleniş häsiýetini synladylar. Ondan soň, barlagçylar 10 ýylyň dowamynda olaryň ölümçilik derejesine syn etdiler.

Netijeler, günde azyndan 10 gr. maňyzlaryň haýsy-da bolsa bir görnüşini (grek hozy, findik, hindi hozy-keşýu, arahis) kabul edýän adamlaryň arasynda, 10 ýylyň dowamynda biwagt ýüze çykýan ölümçiligiň döreme ähtimallygynyň 23% peselendigini aýan etdi. Barlagçylar arahis ýagyny köp mukdarda ýagy we duzy saklaýandygy sebäpli zyýanly hasaplaýarlar.

Ekspertler maňyzlaryň kadaly kabul edilmeginiň howply täze döremeler, süýji keseli, dem alyş we nerw ulgamyny weýran ediji keseller bilen bagly ölümçilikden gorap biljekdigi barada düşündiriş berýärler.

Şeýle-de, hünärmenler maňyz iýmä ýykgyn edýän adamlaryň dogry iýmitlenmäge ymtylyp, köp mukdarda gök önümleri we ir-iýmişleri kabul edýändigini we zyýanly önümlerden gaça durýandygyny belleýärler.

  • 1455 gezek okalan