KADALY AÝDYM AÝTMAK HORLAMADAN DYNMAGA KÖMEK EDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Angliýanyň Ekseter Uniwersitetiniň barlagçylary, her günki aýdym aýtmalaryň ukyda dem alma bilen bagly bozulmalaryň öňüni alyp biljekdigini äşgär etdiler.

Kentlewük we damak myşsalarynyň gowşaklygy horlamanyň sebäpleriniň biri bolup durýar. Sesiň dogry çykmagyny gazanmaga kömek edýän ýörite sapaklar ol myşsalary türgenleşdirmäge ýardam berýärler. Otolaringolog (Lor) lukmany Malkolm Hilton şeýle maşklary öz barlagynda ulandy.

Hünärmen öz barlagyna horlamadan we ukyda dem alşyň bozulmalaryndan ejir çekýän 127 adamyny gatnaşmaga çagyryp, olary iki topara böldi. Birinji toparyň gatnaşyjylary 3 aýyň dowamynda myşsalary türgenleşdiriji 20 minutlyk maşklary ýerine ýetirdiler. Sapaklar çylşyrymly bolman, gatnaşyjylaryň pikirine görä, olary aňsatlyk bilen ýerine ýetirip bolýardy. Ikinji topar deňeşdirmek üçin goýuldy.

Netijeler, hödürlenen aýdym aýtma usuly bilen işlän toparyň gatnaşyjylarynyň seýrek we ýuwaş horlap, olaryň ukysynyň hiliniň gowulaşandygyny beýan etdi. Öz işiniň netijelerini lukman International Journal of Otolaryngology and Head and Neck Surgery ylmy žurnalynda çap etdi.

  • 1519 gezek okalan