PANDEMIÝANYŇ ÝAN TÄSIRI: KORRUPSIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

transp inter logoKorrupsiýa garşy göreşýän iň uly global raýat jemgyýeti Transparency International assosiasiýasynyň täze çykaran hasabatynda, pandemiýanyň hökümet korrupsiýalaryny pajarladandygy we adam hukuklarynyň bozulmalaryny beterleşdirendigi bellenilýär:

↪ Soňky 10 ýylyň içinde dünýä ýurtlarynyň 86%-nde korrupsiýa garşy göreşde öňe gidişlik örän ujypsyz boldy ýa-da asla bolmady.

↪ Ösüşiň ýoklugynyň netijesinde raýat hukuklarynyň goragy has-da ýaramazlaşdy.

↪ Merkezi Aziýada adam hukuklarynyň bozulmalary barha artýar.

↪ Türkmenistan korrupsiýanyň ýokary derejesi boýunça ilkinji onluga girýär.

Sitata: "Hökümetler COVID-19 pandemiýasynyň ilata ýetirýän zyýanyna garşy göreşmekde örän az iş alyp barýarlar, onuň üstesine pandemiýany adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny has beter gysmak üçin ulanýarlar. Netijede awtoritarizm güýçlenýär" diýip, Transparency Internationalyň Aziýa boýunça sebitleýin geňeşçisi Altynaý Myrzabekowa aýdýar.

  • 712 gezek okalan