• Makalalar
  • TIZ kömek
  • Özbaşdak TIZ kömek
  • DEM ALYŞ ÝOLLARYNA DEL JISIM DÜŞENDE ILKINJI KÖMEGIŇ BERILŞI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DEM ALYŞ ÝOLLARYNA DEL JISIM DÜŞENDE ILKINJI KÖMEGIŇ BERILŞI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (6 Ses)

dem alys 1Dem alyş ýollaryna köplenç iýmit (hoz, süýji, sakgyç) we ownuk jisimler (togolok jisimler, çaga oýnawaçlarynyň bölejikleri) düşýär. Dem alyş ýollaryna düşen del jisimi aýyrmakda emeli üsgürmegiň peýdasy uludyr. Käbir ýagdaýlarda, haçanda dem alyş ýollary doly ýapylanda ejir çekýäni halas etmek üçin Geýmlihiň usuly ulanylýar. Bu usulyň maksady ejir çekýäni silkip, öýkenlerinden howany çykaryp, emeli üsgürmek arkaly del jisimi dem alyş ýollaryndan aýyrmakdyr.

Näme etmeli:

↪ Haýal etmän tiz kömegi çagyrmaly;

↪ Eger kömek berýän ejir çeken bilen bile bolsa we ejir çeken huşuny ýitiren bolsa, onda beýle ýagdaýda ilki bilen reanimasion çärelerini geçirmeli (emeli dem bermek we ýüregiň ýapyk massažy);

↪ Ejir çekýäniň dem alyş ýollaryndan del jisimi aýyrmak üçin usullary amala aşyrmaga girişmeli.

EGER EJIR ÇEKÝÄN 1 ÝAŞDAN KIÇI ÇAGA BOLSA

Çaga huşunda wagty:

dem alys 2

↪ Eliňizde çaganyň ýüzüni aşak edip ýatyrmaly, çaganyň döşi eliňiziň aýasynda bolmaly. Çaga saklaýan eliňizi buduňuzda ýada dyzyňyzda goýmaly;

↪ Çaganyň kellesini onuň göwresinden pesde bolar ýaly saklamaly;

↪ Beýleki boş eliňiziň aýasy bilen çaganyň pilçe süňkleriniň arasyndan 4-5 gezek (1 sekunt interwal bilen) urmaly.

Eger del jisimi bu usulyň kömegi bilen aýyrmak başartmasa:

↪ Çagany arkanlygyna gaty ýerde ýatyrmaly ýa-da çaganyň ýüzüni aşak edip buduňyzda ýada dyzyňyzda goýmaly we kellesini bedeninden pesde saklamaly;

↪ Soňra eliňiziň süýem we orta barmaklaryny çaganyň garnyna, göbek bilen gapyrga ýaýynyň aralygynda goýuň;

↪ Soňra ýokarlygyna, diafragma tarap garnyň ýokarky böleginden basmaly, ýöne, döş kapasasyna basmaly däl. Öran serasaply boluň;

↪ Bu usuly dem alyş ýollarynyň geçirijiligi açylýança ýa-da tiz kömek gelýänçä dowam ediň.

Çaga huşunda däl wagty:

↪ Çaganyň agyz boşlugyny we bokurdagyny görmeli, eger del jisim görünýän bolsa we ony aýyrmaga mümkinçilik bar bolsa, ony aýyrmaly;

↪ Eger-de del jisimi aýyrmak başartmasa, onda haýal etmän del jisimi aýyrmak üçin Geýmlihiň usulyndan peýdalanmaga başlamaly (1 ýaşa çenli huşunda bolan çagalar üçin ulanylýan usul boýunça);

↪ Her urgudan soň çaganyň agyz boşlugyny we bokurdagyny görmeli. Eger-de del jisim görünýän bolsa, onda ony haýal etmän aýyrmaly;

↪ Eger-de çaga dem almaýan bolsa, onda haýal etmän çaga emeli dem bermeli, ýürek urgusy bolmasa çaga ýüregiň göni däl owkalamasyny etmeli;

↪ Reanimasion çärelerini tiz kömek gelýänçä ýerine ýetirmeli.

EGERDE EJIR ÇEKÝÄN 1 ÝAŞDAN ULY ÇAGA ÝA-DA ULY ADAM BOLSA

Ejir çekýän huşunda bolsa:

↪ Ejir çekýäniň arkasynda durup, ony eliňiz bilen gujaklaň. Ejir çekýäniň göwresi azajyk öňe egilen ýagdaýda bolmaly.

↪ Bir eliňizi ýumuň we ýumrugyňyzy ejir çekýäniň garnyna, ýagny göbek bilen gapyrga ýaýynyň aralygynda goýmaly (garnyň epigastral bölegi);

↪ Beýleki eliňiziň aýasy bilen bolsa ýumrugyňyzy tutup, 6-10 gezek urgy şekilde garnyň epigastral böleginiň içinden ýokarlygyna diafragma tarap gysmaly;

↪ Bu usuly dem alyş ýollarynyň geçirijiligi dikelýänçä ýa-da tiz kömek gelýänçä dowam etmeli.

dem alys 3

Eger-de ejir çekýän huşunda däl bolsa:

↪ Ejir çekýäni arkanlygyna ýatyrmaly;

↪ Kellesini haýsyda bolsa bir tarapa öwürmeli;

↪ Ejir çekýäniň budunuň üstünde kellesine tarap seredip oturyň;

↪ Elleriňizi biri-biriniň üstünde saklap ejir çekýäniň garnynyň ýokarky böleginde (epigastral böleginde) goýuň;

↪ Öz göwräňiziň agramyny ulanyp, ejir çekýäniň garnyndan ýokarlygyna diafragma tarap basmaly;

↪ Bu usuly dem alyş ýollarynyň geçirijiligi dikelýänçä ýa-da tiz kömek gelýänçä dowam etmeli. Eger-de ejir çekýän dem almaýan bolsa, onda oňa haýal etmän emeli dem bermeli, ýürek urgulary bolmasa ejir çekýäne ýüregiň göni däl owkalamasyny etmeli.

Öz-özüňe kömek bermek:

dem alys 4

↪ Bir eliňizi ýumuň we ýumrugyňyzy garnyňa, ýagny göbek bilen gapyrga ýaýynyň aralygynda goýmaly (garnyň epigastral bölegi);

↪ Beýleki eliňiziň aýasyny ýumrugyň üstünde goýup, çalt-çaltdan kakyp, içden ýokarlygyna ýumrugyňyz bilen garnyňyzy basmaly;

↪ Dem alyş ýollarynyň geçirijiligi açylýança birnäçe gezek gaýtalamaly;

↪ Şeýlede berk duran jisime (stoluň burçy; oturgyç) ýaplanyp, garnyňyzyň epigastral bölegine ýokarlygyna tarap kakmak hem mümkin.

Näme etmeli däl

↪ Egerde ejir çekýän erbet üsgürýän bolsa, onda Geýmlihiň usulyndan peýdalanmaly däl;

↪ Ejir çekýäniň bokurdagynda galan jisimi barmaklaryňyz bilen aljak bolmaly däl, şeýle ýagdaýda ol jisimiň itilip has içine süýşmegi mümkin. Diňe pinset ýa-da şoňa meňzeş gurallary ulanmak maslahat berilýär;

↪ Ýalňyş ýerine ýetirilen Geýmlihiň usuly howplydyr. Sebäbi ýalňyş ýerine ýetirilen ýagdaýynda ol ýürege, aşgazana we bagra zeper ýetirmegi mümkindir. Şonuň üçin hökmany ýagdaýda görkezilen anatomiki nokadyň üstünden basmalydyr. Bu usul göwreliligiň soňky möhletinde, semiz adamlarda we 1 ýaşa ýetmedik çagalarda ulanylmaýar. Şeýle ýagdaýlarda döş kapasasyna basmak, ýüregiň ýapyk owkalamasy hem-de pilçeleriň arasyna urmak usuly ulanylýar.

Soň näme etmeli:

Dem alyş ýollarynyň geçirijiligini doly dikeltmek başardaýan ýagdaýynda hem ejir çeken hökmany ýagdaýda lukman tarapyndan barlanmalydyr.

Awtor: Emir Aliýew

  • 3044 gezek okalan