• Makalalar
  • TIZ kömek
  • Özbaşdak TIZ kömek
  • DEM ALŞYŇ WE GAN AÝLANŞYGYŇ DUÝDANSYZ KESILEN ÝAGDAÝYNDA BERILMELI ILKINJI KÖMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DEM ALŞYŇ WE GAN AÝLANŞYGYŇ DUÝDANSYZ KESILEN ÝAGDAÝYNDA BERILMELI ILKINJI KÖMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Pajygaly ýagdaýa düşüp, janyna howp abanýan adama kömek bermegi başarmak – jemgyýetiň ösenliginiň alamatydyr. Aslynda näsagyň ýanynda bolan her bir adam reanimasion (janlandyrma) çäreleri geçirmegi başarmalydyr.

Dem alyşyň we gan aýlanşygynyň duýdansyz kesilmegi ýüze çykanda, halas ediji çäreleri dogry we çalt geçirmelidir. Bu ýerde wagt sekuntlarda ölçelýändir. Teoretiki taýdan, adamyň ýüregi durandan soň, ony 4-5 minudyň dowamynda janlandyryp bolýar.

Ýöne bu ýagdaýyň ilkinji minudynda beýniniň nerw öýjüklerinde üýtdeşmeler geçip, olaryň zeperlenmesi bolup geçýär. Ilkinji kömek näçe giç başlansa, beýniniň şonça-da köp bölegi zeperlenýändir. 5 minutdan soň reanimasion çäreleri geçirilen näsagyň, ol şowly bolan ýagdaýynda hem, bütinleý aklyndan mahrum bolup ýaşamagy mümkindir. Bu ýerden esasy düzgün gelip çykýar – reanimasion çäreleri birinji 5 minutda başlamak örän wajypdyr.

Ýöne durmuşda bu düzgüne eýerme kyn bolýar. Eýsem, näsagyň huşunyň ýitmeginiň birinji minudynda, ýüregiň işiniň kesilip-kesilmänligini nädip bilip bolar?

Amaly lukmançylykda ýokary beýni bölümleriniň ölenliginiň alamatlaryna salgylanýarlar, olary kesgitlemek ýörite bilimi talap etmeýär:

  1. Görejiň giňelmegi;   
  2. Ýagtylykda görejiň daralman galmagy;
  3. Gözleriň buýnuz gatlagy gyjyndyrlanda, olarda gyrpyldama hereketiniň bolmazlygy.

Şu alamatlaryň bilelikde ýüze çykmagy we dem alyş, gan aýlanşygyň kesilen wagtyny kesgitlemek (5min köp) reanimasion çäreleri geçirmegiň ýerliksizdigini görkezýär. Ondan başga halatlarda näsagy halas etjek bolmaly.

Iň birinji geçirmeli çäre – bu dem alyş ýollaryň ýagdaýyny barlamakdyr. Birden huşundan giden adamyň agzyny uly we başam barmagyňyz bilen açyp, aşaky äňini öňe süýşürmelidir. Ortaky barmagyňyza el ýaglyk orap, agyz boşlugynda başga zatlaryň ýoklugyny barlamalydyr.

Eger näsagyň diş protezleri bolsa, olary çykarmalydyr.

Agyz boşlugyna düşüp, bokurdagy ýapýan zatlary usullyk bilen çykarjak bolmaly. Eger ol başa barmasa, Geýmplihiň usulyny ulanmaly: diafragmanyň aşagyndan yzly-yzyna, güýçli, döş kapasasyna tarap basmaly. Şeýle edilende, döş kapasasynda basyş ýokarlanyp, del jisimiň çykmagy mümkin. Çykkynsyz ýagdaýlarda, çagalarda, del jisimi aýyrmagyň bir usuly: çagany aýagyndan tutup, baş-aşak sallamalydyr.

Dem alyş ýollary arassalanan wagty, näsagyň dilini hem öňe edip, onuň bokurdaga gitmeginiň öňüni almalydyr. Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda ýa-da diliň bokurdaga gitmegi dem almanyň kesilmeginiň esasy sebäbi bolanda, örän oňaýsyz usuly hem ulanmak bolar. Onuň üçün, dili iňňebajyk bilen aşaky dodaga, ýaňaga ýa-da köýnegiň ýakasyna ildirmelidir.

Reanimasion çäreleri dowam etmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda “agyzdan-agza” usuly bilen emeli dem berme geçirmelidir. Näsagyň kellesini yza gaýşardyp, agzyny açyp, aşaky äňini öňe süýşürmelidir, 1-2 gezek howany öýkene goýbermelidir. Onuň üçin öz dodaklaryňyz bilen näsagyň agzyny mäkäm ýapyp, onuň burnuny barmaklaryňyz bilen gysmalydyr. Şeýle edilmese howa daşyna çykyp biler. Dogry geçirilen emeli dem berme usulynda, näsagyň döş kapasasy ýokary galyp, düşmelidir. (edil dem alýan ýaly)

Näsagda boýun oňurgasynyň şikesi güman edilen ýagdaýynda, ýokardaky çäreler kelläni gymyldatmazdan amala aşyrylýar. Onuň üçin kelläniň töweregine gumdan doldurylan haltajyklar ýa-da iň bolmanda üç sany kerpiç  goýmak bolar.

“Agyzdan-agza” dem berme usuly geçirlende, hökman el ýaglyk ýa-da sekiz gatly hasany ulanmak ýerliklidir. Ol sizi kesellerden (meselem, inçekesel we başgalar) goramaga kömek eder.

Reanimasion çäreleri geçirlende, gan aýlanşygy saklamaga kömek etmek wajypdyr.

Huşuň ýitmegine getirýän, ýüregiň nädogry urmagynyň birnäçe görnüşleri bardyr. (asistoliýa, mädejikleriň tahikardiýasy, fibrillýasiýa). Ol ýagdaýlarda ýürek kadaly ýygrylyp bilmeýär, gan damarlara ýetmeýär we damar urgusy ýitýär. Ýüregi bu ýagdaýdan çykarmak we onuň işini ýörite kadalaşdyrmak üçin defibrillýatorlar ulanylýar. Ol abzalyň kömegi bilen ýürege ýokary kuwwatly elektrik togy berilýär. Ýöne ol abzallar hemme wagt, hemme ýerde elýeterli däl ahyryn...

Kadaly ýürek ritmini prekordial urguny amala aşyrmak arkaly gazanmak mümkindir. Onuň üçin, döş süňküniň ortasyndan ýumruk bilen güýçli urmalydyr. (süňki döwüp bolýanlygyny ýatdan çykarmaň).

Prekordial urgy geçirlen soň, ýüregiň göni däl massažyna (owkalamasyna) başlamalydyr. Onuň üçin näsagy göni, gaty ýerde ýatyrmalydyr. Elleriňiziň aýalaryny biri-biriniň  üstünde goýup, döş süňküniň ortasyna basmalydyr. Ýürek ýygrylar ýaly, basylanda döş süňki 6-8 s.m. içine gitmelidir. Dogry geçirilen owkalama, uky arteriýasynda (boýundan geçýän uly gan damary)  damar urgusynyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Ýüregiň göni däl owkalamasy emeli dem berme bilen utgaşdyrylmalydyr. Eger näsaga bir adam kömek berýän bolsa, onda bu utgaşma 2:12 gatnaşykda geçirilmelidir (2 gezek dem berip,

12 gezek ýüregiň  massažyny edýär we gaýtalamaly...)

Eger çäreleri iki adam geçirýän bolsa, onda 1:5 gatnaşykda edilýär. (1 gezek dem berip, 5 gezek ýüregiň massažy geçirilýär we gaýtalamaly...)

Reanimasion çäreler ýöriteleşdirilen medisina kömegi gelip ýetýänçä dowam etdirilmelidir.

Geçirilýän çäreler şowsyz bolan ýagdaýynda hem, olaryň geçiriliş dowamlylygy 30 minutdan az bolmaly däldir.

Reanimasion çäreleri özbaşdak bes etmäň. Sebäbi  adamyň ölenligini (biologiki ölümi) diňe lukman anyklap bilýär.

  • 4843 gezek okalan