Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NEŞEKEŞLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (19 Ses)

Neşekeşlik (grekçe "narkē"– uky, doňan ýaly bolmak we "mania" – hyjuw, höwes) — bu neşe serişdelerini ulanmaklyk zerarly dörän dowamly keseldir.

Neşekeşlik — bu neşekeşiň betbagtlygydyr, onuň dogan-garyndaşlarynyň, käte kesekileriň-de gözýaşlarydyr. Neşe hemişe betbagtlyga eltýär.

Neşekeşlik neşekeş üçin uly ýitgidir, emma bu ilkibaşdan duýulmaýar, aňylmaýar. Neşe dostlugy ýok edýär, neşekeşlik täze dostsumak ülpetleri tapmaga mejbur edýär. Bir neşekeş 12-17 adamy neşä meýilli edip bilýär.

Neşekeşlik okuwyň, bilimiň üstüne atanak çekýär. Ol azatlyk baradaky ters, ýalan düşünjedir.

Neşe serişdeleri adamy gowşak we erksiz edýär, neşekeşlik bolsa ony gulçulygya iterýär.

Adamlar şu üç ýagdaýda ýalňyşlyk goýberýärler: olara nädogry maglumat berilýär, olara doly däl maglumat berilýär ýa-da olarda haýsydyr bir sustupeslik bardyr. Neşä ýüz uranlaryň ählisinde şu agzalýan ýagdaýlaryň birden-biri hökman bolýar. Neşekeşlik adamlary ýalňyşlyklara iterýär.

Morfine, geroine, kodeine, gaşyşa, kokaine we spirtli içgilere ýykgyn bolmak — bularyň bary neşekeşligiň bir görnüşidir.

Neşekeş neşeden alýan keýpi gowşap başlanda, neşe serişdeleriniň birnäçe görnüşlerini garyp başlaýar.

Neşe serişdeleriniň hemişe ulanylmagy zerarly adam organizmindäki organlar we tutuş ulgamlar zäherlenýär. Olaryň işleýiş kadalary bozulýar. Şunlukda, elmydama neşe serişdesiniň belli bir mukdaryny kabul edýän neşekeş kem-kemden işlemek ukybyny ýitirýär. Neşe serişdeleri neşekeşi öz "guluna” öwrüp, onuň aňyny üýtgedýär.

 

Neşekeşlik näme edip bilýär?

Neşekeşlik, belki, beýle bir erbedem däldir?! Neşekeşlik neşekeşden gaty erjelligi talap edýär, sebäbi ol özüniň bir atymlyk mukdaryny şeýle erjellik bilen gözledýär. Kem-kemden neşekeşlik adamy ogurlyga iterýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik neşekeşleriň 3/2 bölegi jenaýatkärlere öwrülýär. 3/1 bölegi ölmän galan ýagdaýlarynda kämillik ýaşyna ýetýärler.  Neşekeşlik we neşe serişdeleri köp keselleriň sebäpkärleridir. 18 000 000 adam eýýäm  AIDS keselinden öldi (2002 ý.).

Bir barly maşgala ogluny AIDS keselinden goramak maksady bilen oňa neşe dozasynyň bir atymlyk mukdaryny we täzeje şprisi satyn almaga ýeter ýaly pul berýän eken. Olaryň ogly AIDS keselinden ölmän, neşe serişdesininden zäherlenip öldi. Neşekeşlik özüniňkini alypdyr. Neşekeşlik "dadyp görmek”, ýerliksiz bilesigelijiligiň netijesinde döräp bilýär.

Iki dost bardy. Olaryň biri neşeden habarly eken. Ol öz dostuna birje gezek dadyp görmäge yrypdyr. Dosty neşäni dadyp görensoň:«Neşe ne ajaýyp! Ony diňe samsyklar datmaýarlar» diýen netijä gelipdir. Hawa, ol "ajaýyplyk” günleriň birinde olary AIDS keseline uçradypdyr.

Neşekeşlik edil ýokanç kesel ýalydyr. Ol uly şäherleri, tutuş döwletleri eýeläp bilýär. Neşekeşlik tutuş adamzadyň gaýragoýulmasyz meselesine öwrüldi.

Neşekeşlik köpleri gokuzýar. 1982-nji ýylda Hytaýda neşe serişdeleri üçin ölüm jezasy girizildi. Emma muňa garamazdan, neşekeşleriň sany iki esse artdy (2005ý.)

"Ýeňil” neşeleriň rugsat edilen ýurtlarynda nämeler bolup geçýärkä? Bu ýurtlarda çaga neşekeşligi diýseň uly meselä öwrülendir.

Neşekeşlik hyýaly bir zat däldir. Bu elhenç hakykatdyr. Neşe serişdeleri betnyşan, gorkunç, maýyp, şikesli çagalaryň sanynyň artmagyna günäkärdir. Soňky 10 ýylyň içinde neşe zerarly dünýäde millionlarça maýyp, ösüşden yza galýan çagalar dünýä indiler. Eneleri neşekeş bolan çagalaryň aňy öz sagdyn deň-duşlarynyňkydan 30-40% pesdir.

Neşekeşlik köpleri sustupeslige, biperwaýlyga sezewar edýär.

Neşekeşlik bu betbagtçylykdyr, sebäbi ol maşgalanyň dargamagyna, çagalary ýetim galmagyna sebäp bolýar.

Bolup geçýän jenaýatlaryň 80 %-i neşe ýa-da alkogol içgileri zeraly bolup geçýär.  Neşekeşlik ýürekbulaýjy bir zat: neşe bagt baradaky nädogry garaýyşdyr.

Neşekeşlik neşe serişdeleriniň keýpiköklük, ýakymly seňseleme, ýa-da hyjuwyň artmak täsirleri bilen baglanyşyklydyr. Göçgünli etmeýän serişdeleri çenden aşa ulanylmaýar. Olar adamy özüne garaşly etmeýärler. Şonuň üçin-de, göçgünli edýän serişdeleriň şu häsiýeti näçe ýokary bolsa, erbet, zyýanly endik şonça-da tiz döreýär.  Adam bu "gorpa” nähili düşendigine düşünip-de ýetişmeýär.

Neşekeşligiň dörän ýerinde asudalyk, bagt, şadyýanlyk ýitýär. Neşe serişdeleri döredijilige we ruhy taýdan ösmeklige böwet bolýar.

Neşekeşlik bu "gyzykly kino” ýalydyr. Neşe serişdeleriniň köpüsi neşekeşiň gözüne her dürli zatlaryň görünmegine eltýär. Käbir adamlar: «Men-ä ençeme gezek neşe çekip gördüm, ýöne gözüme hiç zat-da görünmedi» diýip aýdýarlar. Emma şuňa akyl ýetirmelidir: ak ysytmadan ejir çekýän arakhoruň keseli-de birinji bulgury içen badyna başlanmaýar ahyryn! Ilkibada adamyň organizmindäki witaminler, minerallary kemelip başlaýar. Soňra bolsa ýöräp barýan otly birdenkä „asmana göterilýär”. Emma neşekeşlik neşäni kabul edip başlan adamyň gözüňe haçan nämäni nähili edip görkezjekdigi näbellidir.  Gynansak-da, biz 15-nji gatdan özüni aşak oklan adamy direldip, onuň gözüne nämeleriň görnendigini hiç haçan bilmeris.

Neşekeşlik ýokanç kesel ýalydyr. Ol hemme ýerde "örüsini” giňeldip bilýär. Neşekeşlik — bu organizmiň neşe serişdelerine endik edip, bu serişdeleriň ýetmezçilik eden ýagdaýlarynda perişan hala düşmegidir. Neşekeşlik bu diňe neşekeşiň kynçylyklary däl, eýsem onuň tutuş maşgalasynyň kynçylygydyr. Neşekeşlik tutuş jemgyýetiň kynçylygydyr. Neşekeşligi bejermek juda kyn bolýar, köp halatlarda bolsa şowsuz tamamlanýar.

Mekdepleriň birinde neşekeşlik barada gürrüň geçirilende, mugallymlaryň biri, ine, şu wakany gürrüň berdi. Onuň goňşusynyň ogly şäherden dolanyp gelip:«Eje, men neşekeşligiň girdabyna düşdüm. Meni saraýa sal-da, daşymdam gulpla. Näçe gygyryp, azarlasam-da, ýalbarsam-da, tä azarlamadan çykýançam, gapyny açma!» diýip ýalbarypdyr. Ejesi öz oglunyň aýdyşy ýaly edipdir. Ol oglunyň ahy-zaryny eşitmejek bolup, goňşunyňka ýatmaga gidipdir. Ertesi irden iki goňşy saraýyň ýanyna baranlarynda ses-üýn ýok eken. Oglanyň ejesi:«Gygaranok, diýmek azardan çykan bolmaly» diýip oýlanypdyr. Gapyny açyp saraýa girenlerinde, germewden asylan oglany görüpdirler. Ol eýýäm sowan eken. Ine, neşekeşlik nähili zat!

Neşekeşlik nähili agyr, elhenç hem bolsa, biz neşekeşlere dogry ýola düşmäge. Durmuşyň şatlygyny neşesiz duýmaga kömek etmelidiris. Ýöne bu neşekeşiň özüne baglydyr. Ýöne her nähili bolsa-da, iň dogry karar — neşäni hiç haçan hiç ýagdaýda datmazlykdyr.

Ulanylan Web Salgy

  • 11419 gezek okalan