ÇAGA DOGUMY SURAT KITABY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

caga dogumyÇaga Dogumy Surat Kitaby kontrasepsiýanyň, göwreliligiň, çaga dogumynyň, we çaga iýmitlendirilişiniň esaslaryny ýönekeý dil we suratlar arkaly düşündirýär. Köpeliş (reproduksiýa) bolmadyk bolsa, biziň hiç birimiz dünýä inmezdik. Şonuň üçin hem, nädip emele gelşimiz hakynda öwrenmek ählimize zerurdyr. Bu kitapda çaganyň emele gelşiniň we dogluşynyň beýany zenan nukdaýnazaryndan düşündirilýär. Emma, kitap erkeklere hem bagyşlanan: çünki erkekleriň (kakalaryň, ýoldaşlaryň, ogullaryň) hem göwrelilik we dogum prosesini zenan gözi bilen görüp, çaga dünýä indermek üçin onuň nämeleri başdan geçirýändigine düşünmegi örän möhümdir. Köp jemgyýetlerde erkekler çaga dogumyna gatnaşdyrylmaýar. Bu kitap bolsa, çaga erkek bilen aýalyň bilelikdäki yhlasyndan emele gelýäni üçin, onuň dogumynyň hem bilelikde garşylanmalydygyna ynanýar. Edil çaga jogapkärçiliginiň we şatlygynyň deň paýlaşylyşy ýaly, bu maglumatlary hem ene bilen ata deň öwrenmelidirler. Bu 68 sahypalyk kitap, köpeliş prosesiniň her ädimini suratlandyrýan 34 sany suratly sahypadan ybaratdyr.

Ilkinji gezek 1981-nji ýylda çap edilen "Çaga dogluşy" atly kitap, 2008-nji ýylda düýpli täzelendi we ispan, fransuz, arap we urdu dillerinde elýeter edildi. Saglyk topary bu kitaby indi türkmen okyjylaryna hem terjime edip, elýeter etdi. Biz Çaga Dogumy Surat Kitaby türkmenistanly ýaşlar üçin peýdaly gollanma we maglumat bolar diýip umyt edýäris.

Çaga Dogumy Surat Kitaby (PDF - Ululygy - 4,50 MB)

Kitabyň asyl nusgasy: The Childbirth Picture Book, Fran Hosken, illustrated by Marcia Williams, 2016, Produced by the Breastfeeding Center, published by Hesperian.

 

  • 2648 gezek okalan