IMMUNIZASIÝANY ÜNSDEN DÜŞÜRIP BILMERIS!

  • Lukman
1 1 1 1 1

immunizasiyany unsden dusurip bilmerisCOVID-19 pandemiýasyndan bäri, dünýäniň ähli sebitlerinde immunizasiýanyň geçirilmesi gowşady we gyzamyk, poliomiýelit, mergi we täjihoraz keselleri möwjedi.

"Gyssagly we batyrgaý hereket etmek zerur" – diýip Bill & Melinda Geýts gaznasynyň global ösüş boýunça prezidenti Kristofer J. Elias belleýär. Geýts gaznasy immunizasiýa tagallalaryny birnäçe möhüm ugurlara gönükdirýär:

↪ Çagalykda alynmaly iň esasy waksinalaryň ýekeje dozasyny hem almadyk millionlarça çaga immunizasiýa etmek.

↪ Dünýäde iň ýokanç kesellerden biri bolan gyzamyga garşy waksinasiýany artdyrmak. Gyzamyk waksinasynyň azalmagy 40 milliona golaý çaga infeksiýa ýokuşma howpuny abandyrýar.

Ýatgynyň boýunjygynyň rak keseline garşy waksinalaryň berlişini çaltlaşdyrmak. Pes girdejili ýurtlarda on gyzdan diňe birine adamyň papillomawirusyna (APW) garşy waksina berildi. Ýatgynyň rak keselinden ölýän aýallaryň 90% -i pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýar.

↪ Her bir çagany poliomiýelitden goramak. Ýakynda ABŞ-da, Mozambikde we başga ýerlerde poliowirusyň ýüze çykmagy dünýäniň ähli ýerindäki çagalara howp salýar.

Elliasyň bellemegine görä, immunizasiýany pandemiýadan öňki derejesine ýetirmek diňe başlangyç ädimdir. Biz saglygy gowulaşdyrmak, adamlaň janyny halas etmek we geljekki nesilleri goramak üçin ulgamlaýyn immunizasiýa meselelerini çözmeli.

Çeşme: Christopher J. Elias for Global Health NOW

  • 492 gezek okalan