AIW-IŇ ÖŇÜNI ALYŞDA TÜRMELER ÜNSDEN DÜŞÜRILÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

UNAIDS-e göräaiw we turmeler, tussaglaryň AIW-pozitiw bolma ähtimallygy umumy ilatyňkydan 7.2 esse köp bolup, 2017-2021-nji ýyllarda türmelerde AIW-iň ýaýramasy 13% ýokarlandy.

Gepatit C hem uly töwekgelçilik: Käbir çaklamalara görä, türmelerde 4 tussagdan 1-i gepatit C bilen keselleýär.

Bütin dünýäniň türmelerinde zyýany azaltmak programmalary heniz hem ýetmezçilik edýär. "Bu üýtgedilmelidir. Ýurtlar AIW-e garşy alyp barýan tagallalarynda köplenç türmeleri ünsden düşürýärler. Janlary halas etmek üçin köpugurlaýyn we köptaraplaýyn çemeleşmeler zerur" diýip, UNAIDS-den Eamonn Murphy belleýär.

Moldowanyň göreldesi: Moldowadaky 17 türmäniň ählisinde zyýany azaltmak hyzmatlary, metadon dermany, iňňeler we şprisler, AIW-iň öňüni alyş hyzmatlary we testler üpjün edilýär.

Günbatar Afrikada zyýany azaltmak boýunça ilkinji merkezleriň biriniň açylan ýeri bolan Senegalda neşe serişdelerini ulanýanlara opioidleriň ornuny çalşyjy terapiýa we arassa iňňeler hödürlenilýär.

ABŞ-da welin, käbir ştatlaryň kanun çykaryjylary zyýany azaltmak strategiýalaryna garşy çykýarlar we jemgyýetiň saglygyny gowulandyrmak işleriniň ýerine has berk çäreleri ornaşdyrmagy goldaýarlar.

  • 682 gezek okalan