ÇILIMI TAŞLASYŇ GELÝÄRMI? ONDA, PURSATDAN PEÝDALAN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

cilimi taslaÇilim her ýyl 8 million adamyň ölümine sebäp bolýar. Haçanda COVID-19 keseliniň çilimkeşlere has uly howp salýandygy belli bolanda, dünýäde millionlarça çilimkeşler ony taşlamak kararyna geldiler. Çilimden el çekmek aňsat däl hem bolsa, taşlamagyň peýdalary köp kişiniň höwesine höwes goşup biler.

Saglyga hem okyjylardan "çilimi nädip taşlamaly" diýen soraglar köp gelensoň, biz bu mümkinçiligi siz bilen paýlaşmak isledik. BSGG pandemiýa döwründe 100 million çilimkeşe temmäkini taşlamaga ýardam berjek kampaniýa döretdi. Kampaniýanyň üsti bilen WhatsApp messenjerinde ýörite liniýa açyldy we "Temmäkini taşlamak üçin 100-den köp sebäp" atly post çap edildi. Bu 100-den köp sebäp 10 kategoriýa bölünýär:

1. Temmäki adamyň görküne şolbada täsir edýär (ýaramaz ys berýär, hamy guradýar).

2. Temmäki diňe seniň däl, maşgalaň we dost-ýarlaryň hem saglygyna howp salýar.

3. Çagalaryň ýanynda çilim ýa elektron çilim çekmek olaryň saglygyna zyýan berýär.

4. Temmäki sosial durmuşyňy hem zaýalaýar (başgalara ýaramaz görelde bolýarsyň).

5. Temmäki arzan däl. Oňa sowjak puluňy möhüm we peýdaly zatlara harçlap bolýar.

6. Temmäkiniň ähli görnüşi ölüm howpludyr.

7. Temmäki satyn alanyňda daýhanlary we çagalary ekspluatirleýän we adamlary keselledýän we öldürýän senagata goldaw berýärsiň.

8. Gyzdyrylan temmäki önümleri saglyga zyýanlydyr.

9. Elektron çilimler hem saglyga zyýanlydyr.

10. Temmäki ulanmak, esasan hem çilim çekmek, birnäçe respirator kesellerine eltýär.

Saglyk hem soňky 10 ýylyň içinde çilimkeşlik, passiw çilimkeşlik, çilimi taşlamagyň ýollary, we temmäkä we nikotine degişli ençeme maglumatlary paýlaşyp gelýär.

Türkmenistanyň metbugatyna görä, ýurduň içinde hem çilimi taşlamagy meýil edinýänler üçin birnäçe hyzmatlar bar:

↪ Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde hereket edýän "Ynam" merkezlerinde temmäki baglylygyndan ejir çekýän raýatlar bejergi we mugt konsultasiýa alyp bilýärler.

Adyny gizlin saklap, telefon arkaly maslahat almak isleýänler üçin gyzgyn liniýa – 118.

Gadyrly okyjy, sen bu hyzmatlardan peýdalanyp gördüňmi? Bu hyzmatlara nähili baha bererdiň? Çilimkeşlere kömek edýän başga nähili çäreleriň geçirilmegini islärdiň?

  • 935 gezek okalan