Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÇILIMI NÄDIP GOÝMALY?
Hormatly okyjy!
Çilimi goýmak kynçylygy hem, edil başga zyýanly endiklerden dynma synanyşygy ýaly erkliligi, gaýratlylygy, wagty, çydamlylygy talap edýändir. Dermançylyk senagaty çilime (has takygy nikotine) bolan garaşlylykdan azat bolmaga kömek edýän derman serişdeleri (meselem, Nikorette serişdesi) öndürip hödürleýän bolsa-da, esasy gazanylmaly netije adamynyň öz islegine baglydyr. Çilimi taşlamagyň usullary barada 5-6 sözlemde aýdyp geçmek mümkin däldir. Şonuň üçin bu babatda hünärmenleriň peýdaly maslahatlaryny , saýtymyzda ýerleşdirilen "Nikotin "tussaglygyndan" azat boluň!", "Çilimkeşlik" atly makalalaryndan alyp, peýdalanyp bilersiňiz. Size bu endikden üstün çykmagy arzuw edýäris.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 6161 gezek okalan